16-njy sentýabrda “Ýyldyz” myhmanhanasynda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň, ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilen duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, akademik Iwan Kuzmin bu gurama bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belledi we obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Soňra geňeşiň başlygy, Belarus Respublikasynyň oba hojalyk we azyk ministriniň orunbasary Wladimir Grakun çykyş edip, Arkalaşyga agza ýurtlarda seçgiçiligiň we tohumçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň oba hojalygy pudagy üçin, hususan-da, önüm öndürmekde we onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Ilhom Nematow sanly ulgam arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde alnyp barylýan bilelikdäki işlere işjeň gatnaşmak bilen, durnukly ösýän ýurtdugyny, öz çäginde Arkalaşygyň çäreleriniň geçirilmegine hemişe jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtady.
Mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, şitilhanalaryň ýagdaýy, üzümiň we miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün etmek babatda seçgiçiligiň eýeleýän orny barada maglumatlar diňlenildi. Oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň obasenagat pudagynda giň halkara hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga açykdygy nygtaldy. Munuň özi ählumumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýär. Şunda Arkalaşygyň çäklerinde ýokary hilli we gibrid tohumlar, miweli ekinleriň, üzümiň nahallary bilen üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyldy. Munuň özi agza ýurtlaryň obasenagat toplumynyň durnukly ösdürilmegine ýardam edýär. Oba hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we döwletara integrasiýany mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, GDA-da tohumçylygy dolandyrmak boýunça maglumat-seljeriş ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Duşuşykda GDA ýurtlarynda ýeralmanyň, güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň seçgiçiligi we tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, zyýankeşlere, oba hojalyk ekinleriniň kesellerine garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkalaşyga agza ýurtlarda gök-bakja ekinleriniň tohumçylyk birleşigini döretmek baradaky hasabat duşuşyga gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Ol bu işe agza ýurtlary çekmek bilen, kuwwatly seçgiçilik-tohumçylyk pudagyny döretmäge ýardam berer.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde onuň işine işjeň gatnaşýandygyny bellediler. GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk hem barha netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyz seçgiçilik we toprak-howa şertlerini nazara alyp, tohumlary synag etmek boýunça bilelikdäki işleri utgaşdyrmak, tohumçylyk, döwletleriň arasynda ösümlikleriň tohumlaryny ibermek we getirmek ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek ugrunda çykyş edip, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegi maksat edinýär.
Mejlisiň barşynda duşuşygy guramaga beren goldawlary, bilelikde işlemek babatda döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda oba hojalyk önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Merkeziň öňündäki meýdançada emeli döredilen pagta we bugdaý meýdanlarynyň, dürli bakja ekinleriniň, miweleriň we gök önümleriň bölümleri ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Türkmenistanda «Tohumçylyk hakynda» Kanuna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, şeýle hem halkara tejribä esaslanylyp, tohumçylyk işine uly ähmiýet berilýändigini nygtamak gerek. Seçgiçilik, tohumçylyk pudagynda dowam etdirilýän ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň we hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde oba hojalygy pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda guralan sergi myhmanlara orta süýümli we aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň naýbaşy görnüşleriniň nusgalary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Olaryň her biri köpýyllyk milli seçgiçilik işleriniň netijesidir.
Mejlisiň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iwan Kuzmin bilen duşuşygy geçirildi. Onda tohumçylyk pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, pudagy ösdürmegiň ylmyň ýokary gazananlaryna, tehnologiýalara daýanýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. Täze tohumlaryň birinji görnüşi “Serdar”, ikinji görnüşi “Arkadag”, üçünji görnüşi bolsa “Pyragy” diýlip atlandyryldy.
Şeýle-de oba hojalyk önümçiligine ekinleriň, şol sanda güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak meselelerine, tohumçylykda gazanylanlara, bugdaýyň täze görnüşleriniň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegine bagyşlanan “tegelek stol” duşuşyklary geçirildi.