Pandemiýa döwründe köp ýerde uzak aralykdan işlemek mümkinçiligi döredilip, hepdäniň belli günleri öýden işlemeli edilipdi. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan “Amazon” hem uzak aralykdan, hem ofise baryp işlenýän gibrid iş tertibi geljek ýyldan başlap ýatyrmak kararyna geldi. Şeýlelikde işgärler ähli iş günleri, ýagny hepdede 5 gün ofise barmaly bolarlar. Häzirki wagtda kompaniýanyň işgärleri hepdede 3 gün ofise barýarlar. Kompaniýanyň ýolbaşçylary saglyk ýa-da beýleki ýagdaýlarda uzak aralykdan işlenip bilinjekdigini belleýärler.