Türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk baýramyny ýokary ruhubelentlikde garşylamaga taýýarlanýar. Soňky ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünliklere besläp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň belläp geçişi ýaly, «Köpetdagyň gözel künjeginde ak binalary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň gudratydyr». Ine, şu günki günde sebitiň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň at-owazasy dünýä dolýar. Munuň şeýledigini golaýda Koreýa Respublikasynda geçirilen halkara forumda Arkadag şäherine berlen baýraklardan hem görmek bolar.
Ýurdumyzyň wekiliýeti ýakynda «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, bu ýurduň Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolup, onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede bolsa, ýurdumyzyň «akylly» şäheri üç sany baýraga mynasyp bolup, bu şatlykly waka her bir türkmenistanly raýatyň kalbyny egsilmez buýsanja besledi.
Jemi 116 pawilýony, 60-dan gowrak ýurduň wekillerini özünde jemlän «World Smart City Expo» sergisinde degişli baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry-aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan daşary ýurt we milli şäherlere hem-de kompaniýalara berildi. Arkadag şäherine «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly üç sany baýragyň gowşurylmagy, özem «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe biziň ajaýyp Arkadag şäherimiziň sylaglanmagy buýsanjyňa buýsanç goşýan taryhy we şanly wakadyr.
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri we täze tehnologiýalar bilen birkemsiz üpjün edilen sebitdäki ilkinji «akylly» şäheriň kemala gelmegi «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimiziň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Abraýly ykrarnamalaryň baş baýramymyzyň öňüsyrasynda berilmegi has-da göwün göterijidir. Mundan bir ýyl gowrak ozal birinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berlen gününde hem halkara derejeli güwänamalaryň birnäçesine mynasyp bolan «akylly» şäher barha ösýär, barha giňeýär. Şol bir wagtyň özünde onuň halkara giňişlikdäki abraýy hem barha beýgelýär. Ýurdumyza gelen her bir myhmanyň ilki bilen baryp görmek isleýän ýerleriniň birine öwrülen şäher geljekde has güllär, has gözelleşer.
Ähli babatda nusgalyk Arkadag şäheri şäher gurluşygynyň milli nusgasy bolup, dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Dünýä ýaň salýan Arkadag şäheri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny hem-de ata Watanymyzyň bagtly ýaşaýşyň mekanydygyny görkezýär. Arkadag şäheri bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Gysga wagtda bu ajaýyp şäheriň at-abraýy, şan-şöhraty äleme ýaýyldy. Bularyň ählisi hem Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň we hormatly Prezidentimiziň döwür bilen aýakdaş durmuşa geçirýän oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesidir.
Hallygözel NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.