19-njy sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Köpugurly gözden geçiriliş “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda gurnalan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň gerimli sergi Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrülip, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek hem-de ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksadydyr.
Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir. «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda kartalaryň, şekilli görnüşleriň üsti bilen milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi beýan edilýär. Şolaryň hatarynda ýokary depginde ösdürilýän düzümleri, nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen, häzirki wagtda özleşdirilýän känlerini, daşary ýurtlara mawy ýangyjy ibermegiň häzirki hereket edýän ugurlaryny hem-de geljekki ýollaryny, beýleki ýerasty baýlyklaryň känlerini, ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça çekilen müňlerçe kilometrlik elektrik geçiriji ulgamlary görkezmek bolar.
Himiýa senagatynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda mineral dökünleriň, nebit, gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerinden ybarat önümler bar. Diwarlyklarda Türkmenabatdaky fosfor dökünlerini öndürýän himiýa zawodynyň, «Tejenkarbamid», «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Balkanabat», «Bereket» ýod zawodlarynyň, «Maryazot», «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň, «Garabogazkarbamid» zawodynyň we Garlykdaky kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumynyň önümleri görkezilýär.
Gözden geçirilişe logistika kompaniýalary hem gatnaşýarlar. Olaryň alyp barýan işleri bu pudak boýunça giň möçberli halkara taslamalaryň amala aşyrylmagynda möhüm orny eýeleýär. Sergide täze tehnologiýalary ulanmak arkaly uly göwrümli ýükleri daşamak boýunça mümkinçilikler baradaky maglumatlara-da aýratyn üns çekilýär.
Senagat-gurluşyk pudagy hem türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uly hem-de güýçli depginde ösýän, maýadarlarda, potratçylarda uly gyzyklanma döredýän ugur bolup durýar. Bu ýerde gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalary, şol sanda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollary gurmak, işjeň dynç alyş we beýleki ugurlar boýunça innowasion işläp taýýarlamalardyr tehnologiýalar görkezildi.
“Ak şäherim Aşgabat” diwarlygy türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň, dynç alşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de bu ýerde ýakynda Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» halkara sergisinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan halkara baýraklary görkezildi.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi hem-de täjirçilik banklarynyň diwarlyklary-da sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olarda söwdany guramak işinde ykdysady özgertmeleriň oňyn täsiri beýan edilýär. Bu pudak telekeçilik işjeňligini höweslendirdi, hususy bölegiň paýynyň artmagy bilen, bazar gatnaşyklary häsiýetine eýe boldy, jemi içerki önümiň ösüşine öz täsirini ýetirdi.
Sergi myhmanlary söwda we hyzmatlar ulgamynda telekeçileriň gazanan üstünlikleri, giň görnüşli harytlaryň satuwy boýunça ýöriteleşen dükanlaryň guraýan işi bilenem tanyşdyrýar. Harytlaryň köpdürlüligi soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň önümçilik kuwwatlyklarynyň has-da ýokarlanandygyny, telekeçilik düzümleriniň döwrebap tehnologiýalar arkaly senagat taýdan ýokary derejä ýetendigini görkezýär. Bu aýdylanlar dürli bezeg görnüşlerinde we nusgada öndürilen hojalyk elektronika önümleriniň, öý üçin niýetlenen harytlaryň önümçiligine hem degişlidir.
Sergide däneçilik pudagyna degişli meýdança aýratyn orun berlipdir.
Dokma senagaty ministrligi milli ykdysadyýetimiziň esasy eksport ugurly pudaklarynyň biriniň önümlerini — 100 göterim pagtadan we ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli önümleri görkezdi. Nah, ýüpek matalaryň, tikin we trikotaž önümleriň dürli görnüşleri ýokary hili, ajaýyp bezelişi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynyň, halyçylyk pudagynda zähmet çekýän ençeme telekeçileriň, halk senetçileriniň el işleriniň, döwrebap haly önümleriniň görkezilmegi bu ýere gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi.
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklary-da sergä gelenlerde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sport halkymyzyň häzirki durmuşynyň, nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Şu gezekki serginiň möhüm aýratynlygy onuň ruhy-medeniýet hem-de aň-bilim ugurlaryny-da öz içine alýandygyndan ybaratdyr. Bilim ministrliginiň bölümlerinde başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, akademiki institutlaryň bilim ulgamynda gazanan uly üstünlikleri bilen tanyşmak bolýar.
Ylymlar akademiýasy türkmen alymlarynyň üstünliklerini, mümkinçiligini, geljegi uly işläp taýýarlamalaryny görkezip, milli ylym mekdebiniň iň täze ylmy we tehnologik gazananlaryna ünsi çekýär. Şu ýyl «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», Ylmy iş hakynda ylmy maksatnamalary (taslamalary), meýilnamalary we hasabatlary döwlet tarapyndan hasaba almagy guramagyň we geçirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binýadynda täze «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi döredildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesi berildi. Bu çözgüt türkmen alymlaryna we inženerlerine dünýäniň abraýly ylmy merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Maglumat tehnologiýalary ulgamynda işleýän iri kompaniýalar hem sergi meýdançasynda möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda iň gowy dünýä tejribesiniň we milli tejribäniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň esasy ugurlarydyr.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurdumyzyň ýokanç keselleriň birnäçesini aradan aýyrmakdaky hyzmatlarynyň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýän halkara güwänamalary, derman önümlerini, dürli enjamlary, tebigy kosmetiki serişdeleri hödürledi.
Dürli görnüşli interaktiw-media taslamalaryny görkezýän Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň diwarlygy hem üns merkezinde boldy. Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlygy häzirki zaman neşirýat we çaphana işine bagyşlandy.
Syýahatçylyk ýaly çalt ösýän pudagyň wekilleri ýurdumyzyň gazananlarynyň halkara giňişlikde wagyz edilmegine, türkmen halkynyň baý taryhynyň we medeniýetiniň, täsin tebigy ýerleriniň, taryhy-medeni ýadygärlikleriniň tanyşdyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Syýahatçylyk kompaniýalary serginiň myhmanlaryny bu ugurdaky mümkinçilikleri hem-de teklipleri bilen tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabrda öz işini tamamlar.a