Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da tapgyryň merkezi duşuşygynda, Milan derbisinde “Milan” köne bäsdeşi “Interi” myhmançylykda 2-1 hasabynda ýeňdi. 10-njy minutda Pulişiçiň goly bilen öňe geçen “Milan” 28-nji minutda Dimarkonyň goluna çäre tapyp bilmedi. Oýnuň 88-nji minutynda bolsa Matteo Gabbiýa “Milana” ýeňiş getiren oýunçy boldy. “Milan” 2022-nji ýyldan bäri, 6 oýundan soň “Interi” ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi.

Yzly-yzyna 3-nji golsuz deňlik

“Serie A”-da “Ýuwentus” bilen “Napoliniň” arasyndaky oýunda hasap açylmady. Ilkinji 2 duşuşygynda 3-0 hasaplar bilen ýeňiş gazanan “Ýuwentusyň” soňky 3 oýny golsuz tamamlandy. Tälimçisini ugradan “Roma” Iwan Ýuriçiň ýolbaşçylygyndaky ilkinji oýunda 5-nji tapgyra liderlikde başlan “Udinezeni” Dowbyk, Dibala hem-de Baldansiniň gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňdi.

5-nji tapgyrdan soň sanawyň lideri üýtgäp, “Torino” 11 utuk bilen 1-nji orunda barýar.

 

Kaliari – Empoli: 0-2 (Kolombo 33, Espozito 49),

Werona –Torino: 2-3 (Kastanos 12, Moskera 90+3 – Sanabriýa 0, Zapata 34, Adams 79),

Wenesiýa – Jenoa: 2-0 (Busio 63, Pohiýanpalo 85),

Ýuwentus – Napoli: 0-0,

Leççe – Parma: 2-2 (Dorgu 32, Krstowiç 59 – Almkwist 90+3, Aýno 90+5),

Fiorentina – Lasio: 2-1 (Gudmundsson 49 p, 90 p – Hila 41),

Monza – Bolonýa: 1-2 (Žuriç 43 – Urbanski 24, Kastro 80),

Roma – Udineze: 3-0 (Dowbyk 19, Dibala 49 p, Baldanzi 70),

Inter – Milan: 1-2 (Dimarko 28 – Pulişiç 10, Gabbiýa 89),

Atalanta – Komo