Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” sanawyň lideri “Barselonany” durzup bolanok. Myhmançylykda “Wilýarrealy” 5-1 hasabynda ýeňen katalonlaryň gollarynyň 2-sini Lewandowski, 2-sini Rafinýa, beýlekisini-de Pablo Torre geçirdi. Lewandowski 67-nji minutda penaltini salyp bilmän het-trigi tamamlap bilmedik oýnunda “Barselonanyň” derwezeçisi Ter Ştegen agyr şikes aldy we möwsümiň galanynda onuň toparyna kömegi degmez.

Soňky çempion “Real Madrid” bolsa öz meýdançasynda “Espanýoldan” 4-1 hasabynda üstün çykdy. Myhmanlar Kurtuanyň awtogoly bilen öňe saýlansa-da, madridliler ýyldyz oýunçylarynyň – Karwahal, Rodrigo, Winisius hem-de Mbappeniň gollary esasynda ýeňşini baýram etdi.

Alawes – Sewilýa: 2-1 (Wisente17, Martin 60 – Lukebakio 83),

Walýadolid – R. Sosiedad: 0-0,

Osasuna – Las Palmas: 2-1 (Budimir 39, Oros 60 – Moleýro 41),

Walensiýa – Žirona: 2-0 (Huanpe 56 ö.d., Dani Gomes 58),

Real Madrid –Espanýol: 4-1 (Karwahal 58, Rodrigo 75, Winisius 78, Mbappe 90 p – Kurtua 54 ö.d.),

Hetafe – Leganes: 1-1 (Maýoral 83 p – Saens 76),

Atletik – Selta: 3-1 (Guruseta 4, 39, Jalo 80 – Ýago Aspas 25 p),

Wilýarreal – Barselona: 1-5 (Aýose Peres 38 – Lewandowski 20, 35, Torre 58, Rafinýa 74, 83),

Raýo Wallekano – Atletiko: 1-1 (Palason 35 – Gallaher 49),

Betis – Malýorka