Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” “Çelsi” öz meýdançasynda “Braýton” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar hasaby açsalaram, soňlugy bilen olara ýaş oýunçy Koul Palmeri duruzmak olara başartmady. Duşuşygyň 7-nji minutynda Rutter Braýtony öňe çykardy. Şondan soň Palmeriň gollary başlady. Ol 21-nji minutda, penaltiden 28-nji minutda hem-de 31-nji minutda tapawutlanyp, 10 minutda het-trik etdi. 34-nji minutda Baleba “Braýtony” umytlandyrsa-da, 41-nji minutda Jeýdon Sançonyň pasynda Palmer 4-nji pökgini myhmanlaryň derwezesinden geçirdi. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda “Çelsi” aratapawudy hasam artdyryp bilerdi. Ýöne esasanam, Jekson we ýoldaşlaryna tapawutlanmak başartmady. Netijede, 4-2 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” boldy. Duşuşykda 4 gezek tapawutlanan Koul Palmer Angliýanyň “Premier Ligasynyň” taryhynda 1-nji ýarymda 4 gol geçiren ilkinji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Duşuşykda 4-nji goluň pasyny beren Sanço ”Çelsiniň” düzüminde yzly-yzyna 3-nji duşuşygynda asist etmegi başardy.