Ho­wa­nyň adat­da­ky­syn­dan has ys­sy bol­ma­gy dün­ýä­niň köp ýe­rin­de dür­li te­bi­gy ha­dy­sa­la­ra se­bäp bo­lup bil­ýär. Ýew­ro­pa­nyň iň uzyn dag ul­ga­my bo­lan Alp dag­la­ryn­da­ky bu­zuň ere­me­gi bol­sa, Ita­li­ýa bi­len Şweý­sa­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky te­bi­gy ser­he­di ýok edip­dir. Şeý­le­lik­de iki ýurt ser­he­di gaý­ta­dan kes­git­le­mek üçin yla­laş­dy. Soň­ky ýyl­lar­da iki ýu­duň ser­he­din­dä­ki Mat­ter­horn da­gyn­da­ky buz­lar eräp­dir. Ne­ti­je­de, te­bi­gy ara­çä­gi gaý­ta­dan kes­git­le­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çy­kyp­dyr.
Bu ýer­de köp san­ly buz­da ta­ýyl­ýan mer­kez­ler hem bar. Iki ýurt ser­het gaý­ta­dan kes­git­le­nen­de yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­riň hem göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Soň­ky mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ge­çen ýyl Şweý­sa­ri­ýa­da­ky buz­luk­la­ryň 4 gö­te­ri­mi eräp­dir. Buz­la­ryň ere­me­gi soň­ky ýyl­lar­da has köp ar­typ­dyr.