Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurdunda konsertler beren Teýlor Swift 1,6 milliard dollar baýlygy bilen dünýäniň iň baý zenan aýdymçysy adyna eýe boldy. Şeýlelikde ýaş aýdymçy köp wagtdan bäri Rianna degişli bolan bu ada mynasyp boldy. Moda pudagynda hem iş alyp barýan Riannanyň 1,4 milliard dollar töweregi baýlygy bar. “Forbes” žurnalynyň soňky taýýarlan maglumatyna görä, Swift aýdym-saz karýerasyndaky girdejisini artdyryp, baýlygyny 1,6 milliard dollara ýetirmegi başardy. Häzirki wagtda dünýäniň iň baý aýdymçysy Jay-Z hasaplanýar. Telekeçilik bilen hem meşgullanýan amerikan repçisiniň 2,5 milliard dollar baýlygy bar. Beýleki gurply aýdymçylardan tapawutlylykda Swift baýlygynyň uly bölegini diňe öz kärini ýerine ýetirmek arkaly gazanypdyr.
Swift “Eras Tour” atly dünýäniň dürli ýurtlarynda beren konsertlerinden we albomlaryndan girdeji gazandy. Geçen ýylyň martynda başlan konsertleri ABŞ-nyň taryhynda 1 milliard dollardan köp girdeji getiren ilkinji konsert maksatnamasy boldy. Swift bu konsertleri bilen öz ýurduna hem-de konsert bermäge barýan ýurduna hem uly girdeji gazandyrdy. Bu konsertleriň netijesinde ýaş aýdymçy milliarderleriň sanawyna hem adyny ýazdyrdy.
Rianna bolsa aýdym-sazdan başga işler bilen hem meşgullanýar. Barbadosly aýdymçy “Fenty Beauty” atly kosmetika brendini döretdi. Ol 2016-njy ýyldan bäri hiç hili albom çykarmandygyna garamazdan baýlygy artdyrdy. Bu bolsa, onuň girdejisiniň aýdym-sazdan başga ugurdan alýandygyny görkezýär.
Dünýäniň iň baý erkek aýdymçysy bolan Jay-Z bolsa, aýdym-sazdan başga-da “Uber”, “CashApp” we “Tidal” (aýdym-saz platformasy) ýaly kompaniýalardaky paýnamalary esasynda girdejisini artdyrdy.