Günorta Koreýaly ýazyjy zenan Han Gan “taryhy şikesler bilen ýüzbe-ýüz bolýan we ynsan durmuşynyň näzikligini ýüze çykarýan dartgynly şahyrana kyssalary” üçin şu ýylyň Nobeliň edebiýat boýunça baýragyna mynasyp boldy.
Geçen ýyl bu baýraga norwegiýaly ýazyjy Ýun Fosse mynasyp bolupdy.
Parahatçylyk boýunça Nobel baýragy anna güni, ykdysadyýet baýragy bolsa 14-nji oktýabrda mälim ediler.
11 million şwed krony (1 million dollar) möçberindäki baýrak, baýragy esaslandyryjy, şwesiýaly oýlap tapyjy Alfred Nobeliň galdyran wesýetine esaslanýar.
Baýrak eýeleri 10-njy dekabrda, Nobeliň aradan çykan gününde geçiriljek dabaralarda baýraklaryny alarlar.