Wagt­ly-wag­tyn­da şah­sy aras­sa­çy­lyk kadalaryny ber­jaý et­mek sag­lyk üçin mö­hüm şert­le­riň bi­ri­dir. Adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi her gün su­wa düş­me­giň ta­rap­da­ry bol­sa, köp­ler hep­de-de bir ýa-da iki ge­zek ýu­wun­ma­gy ma­kul bil­ýär­ler. Köp­le­riň aňynda bol­sa agşam ýat­maz­dan öň­mi ýa-da ir­den tu­rup su­wa düş­me­li­mi di­ýen so­rag ýü­ze çyk­ýar. Ho­wa şer­ti­ne we sag­lyk ýag­da­ýy­na bag­ly­lyk­da su­wa düş­me­giň wag­ty­ny me­ýil­leş­di­rip bo­lar. Ge­liň, ir­den ýa-da ag­şam su­wa düş­me­giň oňaý­ly we zy­ýan­ly ta­rap­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň!
Ir­den su­wa düş­me­giň oňaý­ly ta­rap­la­ry:
Gü­nüň şow­ly baş­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän­di­gi üçin köp­ler ir­den ham­ma­ma gir­me­gi dog­ry ha­sap­la­ýar­lar. Er­tir­ki duş be­den­den bö­lü­nip çy­kan ar­tyk­maç mad­da­la­ry we bak­te­ri­ýa­la­ry aýyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ir­den su­wa düş­mek, esa­san hem, to­mus gün­le­rin­de be­de­ni­ňe ra­hat­lyk ber­ýär. Ýu­wun­ma­gy my­la­ýym suw bi­len baş­lap so­wuk suw bi­len gu­tar­mak ada­myň iş­jeň­li­gi­ne we nerw ul­ga­my­nyň dur­nuk­ly bol­ma­gy­na oňaý­ly tä­sir ed­ýär.
Ag­şam ham­ma­ma gir­me­giň oňaý­ly ta­rap­la­ry:
Ir­den su­wa düş­me­giň be­de­ni güýç­len­di­ri­ji tä­si­ri­niň bol­şy ýa­ly, ag­şam ýu­wun­ma­gyň hem kö­şeş­di­ri­ji tä­si­ri bar. Ag­şam ýy­ly su­wa ýu­wun­ma­ly. Ýy­ly suw be­de­ni ra­hat­lan­dy­ryp, ra­hat uk­la­ma­ga taý­ýar­la­ýar. Ag­şam su­wa düş­mek ir­den ýu­wun­mak­dan has go­wy bo­lup, derini bakteriýalardan we ýagly galyndylardan arassalamaga, gü­nüň ýa­daw­ly­gy­ny aýyr­ma­ga, myş­sa­la­ry gow­şat­ma­ga we ra­hat uk­la­mak üçin be­de­niň gyz­gyn­ly­gy­ny deň­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Oňaý­syz ta­rap­la­ry:
Ho­wa­nyň so­wuk gün­le­rinde ir­den su­wa düş­mek sag­lyk üçin zyýanly ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi çyg­ly be­de­niň, esa­san hem, sa­çyň do­ly gu­ra­ma­gy üçin bir­nä­çe sa­gat wagt ge­rek. Saç gu­ra­dy­jy en­jam ula­ny­lan ýag­da­ýyn­da hem sa­çyň do­ly gu­ra­ma­ýan­dy­gy un­udyl­ma­ly däl­dir. Şol se­bäp­li ir­den ýuw­nup daş çyk­mak so­wuk­la­ma, dü­mew­le­me we kel­la­gy­ry ýa­ly ala­mat­la­ry dö­re­dip bi­ler. Şeý­le hem uzak­ly gü­nüň do­wa­myn­da de­ri­den bö­lü­nip çyk­ýan der ýa-da ýag gat­lak­la­ry­ny gi­je­si­ne däl-de, ir­den ýuw­nup aýyr­mak ýal­ňyş usul ha­sap­lan­ýar.
Ag­şam ham­ma­ma gi­rip, do­ly gu­ra­maz­dan ba­da-bat uk­la­mak hem sag­lyk üçin zy­ýan­ly­dyr. Esa­san hem, ze­nan maş­ga­la­la­ryň sa­çy­ny ýu­wup, do­ly gu­rat­maz­dan sü­pür­giç orap ýat­ma­gy kel­le­dä­ki öý­jük­le­riň so­wuk­la­ma­sy­na we za­ýa­lan­ma­gy­na ge­tir­ýär. Sa­çyň düý­bün­dä­ki öý­jük­le­re ze­per ýet­me­gi bi­len ýi­ti kel­la­gy­ry, sa­çyň düş­me­gi ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çyk­ýar. Şol se­bäp­li, ag­şam su­wa gi­re­niň­den soň sa­çy­ňy do­ly gu­rat­ma­ga üns ber­me­li. Çyg­ly saç bi­len uk­la­mak­dan sak­lan­ma­ly. Esa­san hem, gyş pas­lyn­da ham­ma­ma gi­ri­len­den soň, be­den­dä­ki çy­gy do­ly aý­ryp, pe­jiň ba­şyn­da bi­raz otu­ryp, gyz­gyn çaý iç­me­li.
Umu­man, ir­den ýa-da ag­şam ýu­wun­mak sag­lyk ýag­da­ýy­na we möw­sü­me gö­rä üýt­ge­ýär. Ýö­ne ha­çan ýuw­nu­lan­da hem be­de­niň do­ly gu­ra­ma­gy­ny, ýel öwüs­ýän ýe­re çyk­maz­ly­gy we so­wuk ýe­re gir­mez­li­gi üp­jün et­me­li.