29-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň konsert zalynda Ermenistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.
Gadymy we häzirki zaman aýdym-sazlary, iki halkyň özboluşly däp-dessurlarynyň beýany bolan horeografik-folklor çykyşlar konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Bitewi döredijilik sazlaşygyna öwrülen çykyşlar zehinli artistleri mähirli garşylan tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy.
Dabarada bu döredijilik çäresiniň uzak taryhyň dowamynda dostlukly gatnaşyklary saklap gelýän iki halkyň arasyndaky däp bolan dostlugy berkitmäge ýardam etjekdigi bellenildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, medeni çäräni ýokary derejede guramaga berlen goldaw üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Ermenistanyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde guralan çäreler paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ermeni halkynyň özboluşly medeniýeti, häzirki zaman sungaty bilen giňden tanyşdyrmaga mümkinçilik döretdi. Ony üstünlikli geçirmek üçin ýurdumyza gelen myhmanlara iň gowy konsert zallary we teatr sahnalary hödürlenildi. Kino sungatynyň muşdaklary üçin dostlukly ýurduň kinematograflary tarapyndan düşürilen iň gowy çeper filmleriň, multfilmleriň görkezilişleri guraldy. Şolaryň hatarynda meşhur aktýor Frunzik Mkrtçýanyň keşp janlandyran “Aýrik” (“Kaka”) we “Şarpyk” atly belli filmler hem bar.
Türkmen tarapynyň taýýarlan medeni maksatnamasynyň çäklerinde ermeni wekiliýetiniň agzalary taryhy ýadygärliklere, paýtagtymyzyň muzeýlerine we gözel ýerlerine gezelenç etdiler.