Formula 1 boýunça möwsümiň 21-nji ýaryşy Braziliýanyň Sao Paulu şäherindäki Žoze Karlos Peýs trassasynda geçirildi. 69 aýlawdan ybarat bolan ýaryşda “Red Bull” toparynyň niderland sürüjisi Maks Werstappen ýeňiş gazandy. Ol pellehana 2 sagat 6 minut 54,430 sekuntda gelmegi başardy. Bu onuň şu möwsümdäki 10 ýaryşdan soň ilkinji ýeňşidir. Möwsümdäki 8-nji, karýerasyndaky 62-nji ýeňşini gazanan niderland pilot bassyr 4-nji çempionlygyna ýene bir ädim golaýlady.
Ýaryşda “Alpine” toparynyň fransuz sürüjileri – Estaban Okon bilen Pier Gasli 2-3-nji orunlary paýlaşdylar. Okon ýeňijiden 19,477, Gasli bolsa 22,532 sekunt yza galdy. “Mercedes” toparyndan britaniýaly Jorj Rasselliň 4-nji bolan ýaryşynda “Ferrari” toparynyň monakoly sürüjisi Şarl Lekler 5-nji, “McLaren” toparynyň britan piloty, ýaryşa ilkinji hatardan başlan Lando Norris 6-njy orny eýeledi. Norris esasy ýaryşdan 1 gün guralan sprint bäsleşiginde ýeňiji bolup, 8 utuk gazanypdy.
Geçirilen 21-nji ýaryşdan soň, gazanan bu ýeňşi bilen Maks Werstappen utugyny 393-e ýetirdi. Möwsümiň tamamlanmagyna 3 ýaryş galanda, Werstappen utuk aratapawudyny 62-ä çykardy. 2-nji ýerdäki Norrisiň 331, 3-nji basgançakdaky Lekleriň 307 utugy bar.
Möwsümiň 22-nji ýaryşy 23-nji noýabrda ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçiriler. Bu ýaryşda Werstappen ýeňiş gazansa, çempionlygyny yglan eder.