Hytaýyň Raýatlyk ministrligi nikalaşýanlar barada täze maglumat ýaýratdy. Ýylyň 9 aýynda ýurtda jemi 4,74 million hytaýly jübüt goş birikdiripdir. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 5,69 million bolan eken. Bu bolsa agzalýan döwürde nikalaşanlaryň sanynyň 16,6 göterim azalandygyny görkezýär. Ýurtda 1980-nji ýyldan bäri şeýle hasabat ýöredilýär. Mundan ozal iň köp nikalaşylan ýyl 2013-nji ýyl bolupdy. Şol ýyl ýurtda 13 million jübüt goş birikdiripdir. 2022-nji ýylda bu görkeziji iki essä golaý azalyp, 6,83 milliona düşüpdir. Häzirki maglumatlara görä, şu ýylyň ahyryna çenli nikalaşanlaryň sany ondan hem az bolar.
Ýurduň ilaty hem azalýar. 2022-nji ýylda Hytaýyň ilaty 1 milliard 411 million bolan bolsa, geçen ýyl 1 milliard 409 milliona düşüpdi. Şeýlelikde esaslandyrylan wagtyndan bäri “dünýäniň iň köp ilatly ýurdy” diýen adyny ýitiripdi.
Nikalaşýanlaryň sanynyň azalmagy bilen dünýä inýän bäbekleriň sany hem azalýar. Geçen ýyl 1949-njy ýyldakydan bäri iň pes çaga dogluşy hasaba alyndy. Ýurtda 1980-nji ýyllarda her maşgala bir çaga edinmäge rugsat berlipdi. Ilatyň azalýandygy göz öňünde tutulyp, maşgalalara 2016-njy ýylda ikinji çagany edinmäge rugsat berlipdi. Soňky ýyllarda üçünji çaga hem rugsat berildi. Şeýle-de bolsa, bu çäklendirmeleriň aýrylmagy ilat sanynyň artmagyna ýetmedi.