Dünýäde çip satuwy ýylyň üçünji çärýeginde 23,2 göterim artyp, 166 milliard dollara ýetipdir. Sentýabr aýynda bolsa, iň ýokary aýlyk satyş amala aşyrylypdyr.
Şeýlelikde, sentýabr aýynda 55,3 milliard dollarlyk ýarymgeçiriji satylypdyr. Ýarymgeçiriji satuwy sentýabr aýynda ABŞ-da 46,3 göterim, Hytaýda 22,9 göterim we Ýaponiýada 7,7 göterim ýokarlanan bolsa, Ýewropada 8,2 göterim azalypdyr.
Çip önümleriniň satuwynyň artmagy bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalara-da täsirini ýetirýär. Esasan, emeli aň tehnologiýasy üçin ýarymgeçirijileri öndürýän «Nvidia» ýylyň başyndan bäri eýýäm üçünji gezek ýylyň iň gymmat kompaniýasy boldy.
Umyt KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.