Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Aziýa zolagynda 3-nji tapgyryň toparçalardaky 5-6-njy duşuşyklary geçirildi.
“C” toparçada Ýaponiýanyň şemaly belentden öwüsýär. Myhmançylykda oýnan 2 duşuşygynda-da ýeňiş gazanan Ýaponiýanyň ýygyndysy ilki Indoneziýadan 4-0, soňra Hytaýdan 3-1 hasabynda üstün çykdy. Ýaponlaryň gollaryny 1-nji duşuşykda Hübner (35, ö.d.), Minamino (40), Morita (49), Sugawara (69), 2-nji duşuşykda bolsa Ogawa (39, 54) bilen Itakura (45+6) geçirdi. Bu ýeňişlerden soň Ýaponiýanyň ýygyndysynyň saýlama oýunlaryndan Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak ilkinji ýygyndy bolmagy mümkin. Olar mart aýyndaky 1-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, Awstraliýa utuk ýitirse, Dünýä Kubogyna gitjek ilkinji topar bolar. Awstraliýa bu tapgyrda 2 duşuşygyny-da deňme-deň oýnady. Saud Arabystany bilen 0-0, Bahreýn bilen 2-2 deňme-deň oýnan Awstraliýanyň 6 duşuşykdan soň 7 utugy bar. Roberto Mançinini wezipeden boşadan Saud Arabystany 2-nji duşuşygynda Indoneziýadan Marselinonyň gollary esasynda 2-0 hasabynda utuldy.
Awstraliýa – Saud Arabystany: 0-0, Bahreýn – Hytaý: 0-1, Indoneziýa – Ýaponiýa: 0-4; Hytaý – Ýaponiýa: 1-3, Indoneziýa – Saud Arabystany: 2-0, Bahreýn – Awstraliýa: 2-2