Indoneziýanyň häkimiýeti 2027-nji ýylda Bali adasynda täze howa menziliniň gurluşygyna başlamagy meýilleşdirýärler. Bu barada “The Jakarta Post” gazeti habar berýär.

Balidäki häzirki Ngurah Raýa adyndaky howa menzili ýolagçy gatnawy boýunça Indoneziýada ikinji orunda durýandygy bellenýär. Onuň hyzmat ediş mümkinçiligi 2029-2030-njy ýyla çenli soňky çägine ýeter. Howa menziliniň ýolagçy gatnawynyň 32 million adama ýetmegine garaşylýar.

“Bu, 2027-nji ýylda täze howa menziliniň gurluşygyna başlamak meýilnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aňladýar” diýip, gazet Indoneziýanyň döwlet kärhanalary ministri Erik Thohiriň sözlerine salgylanýar.

Neşiriň belleýşi ýaly, Baliniň demirgazygyndaky Buleleng etraby täze howa menziliniň gurluşygy üçin ýer hasaplanýar. Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto ozal Singapur ýa-da Gonkong ýaly sebitde esasy ykdysady merkez döretmek meýilnamasy barada yglan edipdi.