22-26-njy noýabr aralygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim ulgamynyň wekilleri Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde boldular.
23-nji noýabrda türkmen wekiliýeti göz öňünde tutulan medeni meýilnama laýyklykda Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başda durmagynda alnyp barylýan, türkmen halkynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge gönükdirilen işler dogrusynda hem-de Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli eserleri barada çykyşlar edildi. Onda türkmen we polýak alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň arasynda, türkmen taryhyny, dilini we edebiýatyny, Magtymgulynyň gymmatly döredijilik mirasyny Ýewropanyň ylmy jemgyýetçiligine ýetirmekde ylmy hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berildi.
Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersitetiniň Merkezi kitaphanasynda, şeýle-de taryh we arheologiýa fakultetiniň kitaphanasynda Magtymgulynyň şahyrana dünýäsine, türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna dahylly ençeme kitaplaryň bolmagy, olaryň käbiriniň polýak alymlaryna degişlidigi aýratyn bellärliklidir.
Şeýle-de, Türkmenistanyň ylym, bilim ulgamynyň wekilleriniň ýewropaly alymlar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda golýazmalary abat saklamak, öwrenmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
25-nji noýabrda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Ilçihanasy hem-de Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we dolandyryş uniwersiteti, Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp “Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy – Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde” atly halkara maslahat geçirildi.
Halkara ylmy maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Ç.Rüstemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň, Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we dolandyryş, Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersitetleriniň professor mugallymlary, talyplar, gündogary öwreniji ýewropaly alymlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň milli we dünýä edebiýatynda eýeleýän orny, şahyryň döredijilik mirasynyň öwrenilişi, soňky ýyllaryň dowamynda türkmen we polýak alymlarynyň şahyryň eserlerini bilelikde terjime etmek bilen bagly edilen işler hakynda gürrüň edildi.
Çäraniň dowamynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň türkmen we polýak dillerindäki şygyrlary okaldy. Şeýle hem, çäräniň çäklerinde milli mirasymyz bilen bagly gymmatlyklaryň we Magtymguly Pyragy hakyndaky kitaplaryň, kitapçalaryň sergisi guraldy.