26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşdy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ar­ka­dag şä­he­ri­ne ge­lip, il­ki bi­len, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri­niň önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň, Çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­sy­nyň bi­na­la­ry­nyň ýer­leş­di­ril­jek ýer­le­ri­ni syn­la­dy. Şeý­le hem bu ýer­de şä­her­de bi­na edil­ýän des­ga­la­ryň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na de­giş­li dür­li se­riş­de­ler gör­ke­zil­di. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň ýer­leş­jek ýer­le­ri­ni syn­lap, bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne eýe bol­ma­gy­nyň we ola­ryň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de gör­ke­zi­len şe­kil tas­la­ma­la­ry, gur­lu­şy­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry we gur­lu­şyk­lar­da ula­nyl­ýan dür­li be­zeg se­riş­de­le­ri­niň, yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň gör­nüş­le­ri bi­len ta­nyş­dy. Bu­lar ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow ha­sa­bat ber­di. Bu ýer­de Ar­ka­dag şä­he­rin­de gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän hem-de gur­lu­şygy do­wam ed­ýän des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da Ar­ka­dag şä­he­ri­niň döw­let mu­ze­ýi­niň, aw­to­mo­bil men­zi­li­niň des­ga­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň luk­man­çy­lyk klas­te­ri we onuň çäk­le­rin­de önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri bar.

Gahryman Ar­ka­da­gy­myz gör­ke­zil­ýän tas­la­ma­lar, gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, be­zeg­le­ri­niň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we dü­ze­diş­le­ri­ni gi­riz­di.

Iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di

Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýa­nyn­da­ky

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zo­wyň hem-de

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Iş mas­la­ha­ty­nyň bar­şyn­da D.Ora­zow tä­ze şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän bi­na­lar üçin kes­git­le­nen ýer bö­lek­le­ri, gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, gur­lu­şyk iş­le­ri­niň dep­gin­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ol Ar­ka­dag şä­he­ri­niň gur­lu­şy­gy­nyň Ýew­ro­pa Hil bar­lag­la­ry jem­gy­ýe­ti­niň hal­ka­ra hil baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan­dy­gy­ny gu­wanç bi­len ha­bar ber­di we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za de­giş­li baý­ra­gy ka­bul et­mek we bu ugur bo­ýun­ça tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň we­ki­li­ýe­ti­ni Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­na ug­rat­ma­ga hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­den rug­sat so­ra­mak ba­ra­da­ky ha­ýyş bi­len ýüz­len­di.

Mil­li Li­de­ri­miz tä­ze şä­he­riň ikin­ji tap­gy­ryn­da önüm­çi­lik mak­sat­ly des­ga­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şyk­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň şä­he­riň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­lan­ma­gy bi­len bir ha­tar­da, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni hem şert­len­dir­jek­di­gi­ne ün­si çek­di. Bu bol­sa hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da luk­man­çy­lyk klas­te­ri­ne de­giş­li des­ga­lar top­lu­my­nyň gur­lu­şyk iş­le­ri­niň hil de­re­je­si­ne we ola­ryň bel­le­ni­len möh­let­ler­de gur­lup ulan­ma­ga tab­şy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Gah­ry­man

Ar­ka­da­gy­myz D.Ora­zo­wyň ha­ýy­şy­ny

hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze ýe­tir­jek­di­gi­ni aýt­dy.

Bin­ýat bo­lan döw­rün­den bä­ri tä­ze şä­he­riň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça bir­nä­çe hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ra we de­giş­li dip­lom­la­ra my­na­syp bol­ma­gy bu ýer­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne, hal­ka­ra gör­ke­zi­ji­le­re la­ýyk gel­ýän­di­gi­niň, Ar­ka­dag şä­he­rin­de ýo­ka­ry eko­lo­gik ýag­da­ýyň sak­lan­ma­gy ug­run­da ta­gal­la edil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­dyr di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di hem-de bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri de­giş­li de­re­je­de do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy.

Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi G.Mäm­me­do­wa hä­zir­ki dö­wür­de tä­ze şä­he­riň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li aras­sa­çy­lyk we aba­dan­laş­dy­ryş iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ar­ka­dag şä­he­rin­de ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan şan­ly se­ne­le­riň, Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­niň, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň şa­ny­na gu­ral­jak da­ba­ra­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz tä­ze şä­he­riň ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi me­se­le­le­ri­niň he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le hem bu ýer­de şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­la­ryň şat­lyk­ly pur­sat­la­ra, ýat­da ga­ly­jy wa­ka­la­ra bes­len­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Gu­ral­ýan me­de­ni-köp­çü­lik­le­ýin çä­re­ler­de Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösü­şi, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy we Ar­ka­dag şä­he­rin­de ga­za­nyl­ýan aja­ýyp üs­tün­lik­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr.

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri baý­ram­çy­lyk­lar my­na­sy­bet­li, bag­ty­ýar wa­tan­daş­la­ry­my­zyň Ar­ka­dag şä­he­rin­den jaý al­mak bag­ty­na eýe bol­mak­la­ry ba­ra­da­ky iş­le­ri ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­ly­dy­gy­ny aýt­dy hem-de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

«Taýçanak» diýip

atlandyrmagy maslahat berdi

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan­dy­gy­nyň şa­ýa­dy bo­lan tä­ze şä­he­riň çä­gi bi­len gi­dip bar­şy­na Ak­han hem-de Kö­pet­dag şa­ýol­la­ry­nyň çat­ry­gyn­da ýer­leş­ýän aý­law ýo­lu­nyň de­ňin­de sak­lan­dy. Bu ýer­de hal­ka­la­ýyn aý­law ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­de do­wam ed­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz hal­ka­la­ýyn aý­law ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy­ny we onuň mer­ke­zi kün­je­gin­de ýer­leş­di­ril­ýän şe­kil­le­ri syn­lap, bu bi­na­ny «Taý­ça­nak» di­ýip at­lan­dyr­mak ba­ra­da öz mas­la­hat­la­ry­ny ber­di. Çün­ki be­dew äh­li ar­zuw­la­ryň wy­sa­ly­dyr. Be­de­we at­la­nan be­lent mak­sat­lar bi­len ak ýo­la ro­wa­na­dyr. «Taý­ça­nak» aý­la­wy­nyň us­sat se­ýis Aba An­na­ýe­wiň ady­ny gö­ter­ýän şä­her­çä­niň go­la­ýyn­da­ky kün­jek­de ýer­leş­di­ril­me­gi, bu ýer­de 600 baş ahal­te­ke aty­ny sak­la­ma­ga ni­ýet­le­nen at­ha­na­nyň bol­ma­gy öz­bo­luş­ly saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­ýär.