Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy Tagandurdy Bekjäýew «Magtymgulynyň eserleriniň frazeologiýasy» atly okuw kitaby çapdan çykdy.

 «Ylym» neşirýaty tarapyndan neşir edilen kitapda şahyryň şygyrlarynyň dili, ulanan çeperçilik serişdeleri dogrusynda söhbet edilýär. Magtymgulynyň goşgularynda ulanylan her bir söz, durnukly aňlatma halkymyzyň taryhy, milli özboluşlylygy, ruhy ahwaly bilen gönüden-göni baglydyr.

Okatmagyň halkara tejribesine daýanyp, dilçi we edebiýatçy alymlaryň ylmy işlerine esaslanylyp taýýarlanylan bu okuw kitaby arkaly talyplar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine mahsus frazeologik sözleri öwrenerler.

Monografiýa hem-de Magtymgulynyň goşgularynyň gysgaça frazeologik sözlügi ýokary okuw mekdepleriniň dil we edebiýat fakultetleriniň mugallymlaryna, talyplaryna, aspirantlara, orta mekdebiň dil we edebiýat mugallymlaryna, şeýle-de Magtymgulynyň döredijiligi, türkmen diliniň taryhy bilen gyzyklanýan okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

 

Çeşme: education.gov.tm