Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ženewadaky ştab-kawartirasynda nigeriýaly zenan Ngozi Okonjo-Iwealany guramanyň başlygy wezipesine ikinji gezek bellendi. Bu barada guramanyň metbugat beýanatynda habar berildi. Bu karar BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdan daşary maslahatynda kabul edildi.
Gurama täze baş direktor bellemek meselesi resmi taýdan 8-nji oktýabrda başlandy. Dalaşgär hödürlemek möhleti gutarandan soň, ikinji dört ýyllyk möhleti eýelemäge taýýardygyny tassyklan N. Okonjo-Iweala bu wezipe üçin ýeke-täk dalaşgär bolup galdy. N. Okonjo-Iwealanyň ikinji möhleti 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlar.
Nigeriýada doglan Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasyna ýolbaşçylyk edip gelýän ilkinji zenan we ilkinji afrikalydyr. Ösüş meseleleri boýunça ykdysatçy hökmünde Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Bankynda 25 ýyl dolandyryjy müdir bolup işläpdi.
Bütindünýä Söwda Guramasy – halkara söwdany liberallaşdyrmak we agza döwletleriň söwda we syýasy gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredilen halkara guramadyr. BSG – bu köpçülikleýin pikir alyşmalar we gepleşikler geçirilende halkara söwdasynyň kadalary döredilýän we onuň ýolundaky päsgelçilikleri azaltmak meselelerine seredilýän forumdyr. Bu gurama 1947-nji ýylyň oktýabr aýynda Ženewada 23 ýurt tarapyndan gol çekilen Tarifler we söwda baradaky umumy şertnamanyň mirasdüşeri bolup durýar. BSG 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda resmi taýdan esaslandyrylýar. Häzir bu guramanyň düzümine döwletleriň 160-a golaýy girýär, ýurtlaryň 25-den gowragy bolsa synçy derejesine eýedir.