Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçisi Nurlan Nogaýew bilen «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Saburowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda COVID-19 pandemiýasy sebäpli ýatyrylan iki ýurduň arasyndaky göni howa gatnawynyň gaýtadan dikeldilmegi barada pikir alşyldy. Bu barada Gazagystanyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Nurlan Nogaýew göni howa gatnawynyň dikeldilmeginiň diňe bir raýatlaryň amatlylygy üçin däl, eýsem, ykdysadyýet we syýahatçylyk ýaly ugurlarda gatnaşyklarynyň ösmegi babatda hem möhümdigini aýtdy. D. Saburow türkmen tarapynyň hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi hem-de raýat awiasiýasy pudagynda tejribe alyşmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, duşuşygyň netijesinde howa gatnawyny täzeden dikeltmek meýilnamasyny düzmek üçin goşmaça gepleşikleri geçirmek kararyna gelindi.