9-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Yslamabat ş.) Jemal Beker Abdulanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ilçi türkmen tarapyna ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy we Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesine baha berdiler. Parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynamy berkitmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi.
Şu nukdaýnazardan, taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň ähmiýetini bellediler. Halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi nygtaldy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmegiň zerurdygy barada ylalaşdylar. Türkmenistanyň we Efiopiýanyň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda, şol sanda oba hojalygy pudagynda, suw serişdelerini dolandyrmakda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.