9-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Astana ş.) Ýaap Ora bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.
A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Soňra taraplar türkmen-eston gatnaşyklarynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Estoniýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi bellenildi.
Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem özara gyzyklanma eýe bolan sebitara we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri barada pikir alyşmalar boldy.