9-njy dekabrda Türkmenstanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakda bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahata hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde BMG-niň esasy mehanizmleriniň biri bolan parahatçylygy döretmek işine aýratyn üns berýändigini bellediler. Parahatçylygy üpjün etmek boýunça amallar ýiti meseleleri uzakmöhletleýin kadalaşdyrmakda netijeli guraldyr.
Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine esaslanmak bilen, türkmen tarapy parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça halkara tagallalaryna gatnaşmagyň görnüşlerine garamaga taýýardygyny mälim etdi.
BMG-niň degişli edarasynyň işlerine Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini nazara almak bilen gatnaşmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem konstruktiw häsiýetde ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.