Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça Kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 16-njy mas­la­ha­ty­nyň (СOP16) çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Bi­te­wi suw» sam­mi­ti­ne gat­naş­dy. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň bu mas­la­hat­da dün­ýä­de we se­bit­de suw­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da suw me­se­le­si bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly dia­lo­gyň ne­ti­je­si kes­git­le­nen­de oňa gat­na­şy­jy­la­ryň iki sa­ny esa­sy düz­gü­ne, ýag­ny suw se­riş­de­le­ri­niň aýaw­ly ula­nyl­ma­gy­na hem-de ada­lat­ly paý­la­nyl­ma­gy­na gür­rüň­siz eýer­me­li­di­gi ba­ra­da bel­läp geç­di.
Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz suw me­se­le­sin­de üç mö­hüm ka­da­dan ugur al­ma­ly­dy­gy­na ynan­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­la­ryň bi­rin­ji­si – hal­ka­ra hu­ku­gyň ber­jaý edil­me­gi. Suw se­riş­de­le­ri umu­my baý­lyk­dyr, onuň ula­nyl­ma­gy umu­my yk­rar edi­len ka­da­lar, hu­su­san-da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň kon­wen­si­ýa­sy esa­syn­da düz­gün­leş­di­ril­me­li­dir. Ikin­ji­si – öza­ra bäh­bit­le­riň ha­sa­ba alyn­ma­gy. Ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň ze­rur­lyk­la­ry­ny göz öňün­de tut­ma­ly­dyr. Di­ňe şeý­le çe­me­leş­me ada­lat­ly­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün edip bi­ler. Üçün­ji­si bol­sa bu işe hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çe­kil­me­gi­dir.
Eziz Di­ýa­ry­myz suw se­riş­de­le­rin­den, ser­he­tüs­ti suw­dan re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça oňyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş et­mek bi­len, bu ul­gam­da mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Olar­da hal­ka­ra hu­kuk ka­da­la­ry­nyň ber­jaý edil­me­gi­ne hem-de se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­niň do­ly ha­sa­ba alyn­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. In­no­wa­si­on hä­si­ýet­li «Al­tyn asyr» Türk­men kö­lü­niň tas­la­ma­sy ýur­du­my­zyň dün­ýä­niň suw se­riş­de­le­ri­ni we daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­lu­mu­my we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň çäk­le­rin­de suw ho­ja­ly­gy pu­da­gy­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy yzy­gi­der­li ber­ki­dil­ýär, äh­li we­la­ýat­lar­da tä­ze suw des­ga­la­ry ulan­ma­ga be­ril­ýär. Bu mö­hüm ul­gam­da tas­la­ma­la­ryň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi oba­se­na­gat top­lu­my­nyň ne­ti­je­li ös­dü­ril­me­gi­ne, dä­nä­niň, pag­ta­nyň we beý­le­ki oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Di­ýa­ry­my­zyň dag etek­le­rin­dä­ki se­bit­le­rin­de sil suw­la­ry­ny ýyg­na­mak üçin ni­ýet­le­nen ki­çi suw how­dan­la­ry­na hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Mu­nuň özi sil suw akym­la­ry­nyň ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­nyň öňü­ni al­ma­ga, ola­ryň eme­le gel­me­gi­ni öňün­den duý­dur­ma­ga, top­la­nan suw se­riş­de­le­ri­ni ila­tyň ho­ja­lyk ze­rur­lyk­la­ry, ekin meý­dan­la­ry­ny su­war­mak, üzüm­çi­li­gi ös­dür­mek hem-de agaç na­hal­la­ry­nyň zo­lak­la­ry­ny dö­ret­mek üçin peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz suw dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny we eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk hem-de ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de anyk kes­git­le­di. Suw ho­ja­lyk me­se­le­le­ri­niň Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň äh­li döw­let­le­ri­niň bäh­bit­le­ri­ni ha­sa­ba al­mak bi­len, top­lum­la­ýyn esas­da çö­zül­me­gi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň suw stra­te­gi­ýa­sy­nyň esa­sy ug­ru­dyr.

Mäh­ri Se­ýit­mäm­me­do­wa,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.