Dünýä Kubogy 2026-nyň Ýewropa zolagy boýunça saýlama tapgyrynyň bijeleri çekildi. Şoňa görä, UEFA-düzümindäki 55 ýygyndynyň 54-si 12 toparça paýlandy. Başdaky 6 toparçanyň hersinde 4, soňky 6-synda bolsa 5 ýygyndy özara güýç synanyşar. 5 toparly toparçadaky duşuşyklar geljek ýylyň mart aýynda başlasa, 4 toparly toparçalaryň oýunlary sentýabr-oktýabr hem-e noýabr aýlarynda tamamlanar.
Toparçalary 1-nji orunda tamamlan 12 ýygyndy 2026-njy ýyldaky Dünýä Kubogyna gatnaşar. Galan 4 ýygyndy üçinem 2-nji ýeri eýelänler bilen UEFA Milletler Ligasynyň toparçalarynda 1-nji orny alanlaryň 4-si (DK-niň saýlama toparçalarynda 1-2-nji ýeri eýelemedikler), jemi 16 topar 2026-njy ýylyň martynda pleý-off tapgyrynda duşuşarlar.
Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynda “A” toparçada Slowakiýadyr Demirgazyk Irlandiýanyň hem-de Lýuksemburgyň garşydaşy Germaniýa ýa-da Italiýanyň ýygyndysy bolar. Olar geljek ýylyň mart aýynda UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynda duşuşar. Şol duşuşykda ýeňiş gazanan topar “A” toparça düşse, ýeňlen ýygyndy “I” toparçada Norwegiýanyň, Ysraýylyň, Estoniýanyň hem-de Moldowanyň ýygyndylary bilen güýç synanyşar.
“B” toparçany Şweýsariýadyr Şwesiýanyň, Sloweniýanyň hem-de Kosowonyň ýygyndylary düzdüler. “C” toparçada UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynda duşuşjak Portugaliýa bilen Daniýanyň arasyndaky oýunda utulan ýygyndy bilen Gresiýadyr Şotlandiýanyň hem-de Belarusyň ýygyndylary bije çekişdi. Portugaliýa-Daniýa duşuşygynda ýeňiş gazanan topar “F” toparçada Wengriýa, Irlandiýa hem-de Ermenistan bilen duşuşar.
“D” toparçany Fransiýa-Horwatiýa duşuşygynyň ýeňiş gazanany bilen bilelikde, Ukrainanyň, Islandiýanyň, Azerbaýjanyň ýygyndylary düzdüler. Fransiýa-Horwatiýa duşuşygynda ýeňlen topar “L” toparçada Çehiýanyň, Garadagyň, Farer adalarynyň hem-de Gibraltaryň bäsdeşi bolar.
“E” toparçada Ispaniýa – Niderlandlar duşuşygynda ýeňiş gazanan ýygyndy, şol sanda Türkiýäniň, Gruziýanyň hem-de Bolgariýanyň milli toparlary duşuşarlar. Ispaniýa – Niderlandlar duşuşygynda utulan ýygyndy “G” toparça düşer we bu ýerde Polşadyr Finlýandiýanyň, Litwanyň hem-de Maltanyň ýygyndylary bilen özara güýç synanyşar.
“H” toparçada Awstriýanyň, Rumyniýanyň, Bosniýa we Gersegowinanyň, Kipriň hem-de San Marinonyň ýygyndylary, “J” toparçada ozalam telim gezek gabatlaşan Belgiýa bilen Uelsiň, şol sanda Demirgazyk Makedoniýanyň, Gazagystanyň hem-de Lihtenşteýniň ýygyndylary Dünýä Kubogyna gatnaşmak üçin özara duşuşarlar. “K” toparçada 2 güýçli hasaplanýan ýygyndylar – Angliýa bilen Serbiýanyň, şeýle-de, Albaniýanyň, Latwiýanyň we Andorranyň ýygyndy toparlary özara güýç synanyşarlar.
A : Germaniýa – Italiýa (ýeňiş gazanan), Slowakiýa, D. Irlandiýa, Lýuksemburg
B: Şweýsariýa, Şwesiýa, Sloweniýa, Kosowo
C: Portugaliýa – Daniýa (ýeňlen), Gresiýa, Şotlandiýa, Belarus
D: Fransiýa – Horwatiýa (ýeňiş gazanan), Ukraina, Islandiýa, Azerbaýjan
E: Ispaniýa – Niderlandlar (ýeňiş gazanan), Türkiýe, Gruziýa, Bolgariýa
F: Portugaliýa – Daniýa (ýeňiş gazanan), Wengriýa, Irlandiýa, Ermenistan
G: Ispaniýa – Niderlandlar (ýeňlen), Polşa, Finlýandiýa, Litwa, Malta
H: Awstriýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowina, Kipr, San Marino
I: Germaniýa – Italiýa (ýeňlen), Norwegiýa, Ysraýyl, Estoniýa, Moldowa
J: Belgiýa, Uels, D. Makedoniýa, Gazagystan, Lihtenşteýn
K: Angliýa, Serbiýa, Albaniýa, Latwiýa, Andorra
L: Fransiýa – Horwatiýa (ýeňlen), Çehiýa, Garadag, Farer adalary, Gibraltar