Köp­ler Tä­ze ýy­ly öý­de ge­çir­ýän bol­sa­lar, kä­bir adam­ bu baý­ram­çy­ly­gy owa­dan şä­her­le­re gi­dip, Baş ar­ça­nyň ýa­nyn­da ýa-da owa­dan ke­nar­da ýyl­dyz­la­ryň aşa­gyn­da gar­şy al­ýar­. Tä­ze ýyl ag­şa­my di­ňe bir tä­ze ýy­lyň baş­lan­gy­jy bol­man, eý­sem, tä­ze umyt­la­ryň we ar­zuw­la­ryň hem baş­lan­gy­jy­dyr. Ga­ze­ti­mi­ziň şu sa­nyn­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­ny da­ba­ra­ly ge­çir­ýän şä­her­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­me­gi ma­kul bil­dik.

Nýu-Ýork. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň iň meş­hur ge­çi­ril­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lan Nýu-Ýork her ýyl mil­li­on­lar­ça myh­ma­ny gar­şy al­ýar. 1907-nji ýyl­dan bä­ri Taýms meý­dan­ça­syn­da ge­çi­ril­ýän «top itek­le­mek» çä­re­si Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň iň gy­zyk­ly da­ba­ra­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Lon­don. Sy­ýa­hat­çy­la­ryň kö­pü­si Big Be­niň jaň­la­ry­nyň se­si bi­len Tä­ze ýy­ly gar­şy al­ýar. Lon­don Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň köp to­ma­şa­ly ge­çi­ril­ýän ýer­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şäherde Tem­za der­ýa­syn­da ga­ýyk­ly ge­ze­lenç edip, fe­ýer­werk şü­we­leň­le­ri­ne ýa­kyn­dan to­ma­şa edip bol­ýar. Lon­don­da bu baý­ram­çy­lyk ja­dy­ly gi­jä öw­rül­ýär.
Rio-de-Ža­neý­ro. Bra­zi­li­ýa­nyň uly şä­her­le­ri­niň bi­ri bo­lan Rio-de-Ža­neý­ro­nyň Ko­pa­ka­ba­na de­ňiz ke­na­ryn­da ge­çi­ril­ýän «Reveil­lon» da­ba­ra­sy iň gy­zyk­ly Tä­ze ýyl güý­men­je­si ha­sap­lan­ýar. «Reveil­lon» da­ba­ra­sy­nyň däp bo­lup gel­ýän düz­gün­le­ri­ne gö­rä, hem­me­ler ak egin­baş ge­ýip, de­ňiz ke­na­ry­na Tä­ze ýy­ly gar­şy al­ma­ga gel­me­li. De­ňiz ke­na­ryn­da aý­dym-saz da­ba­ra­la­ry, tans­lar ýe­ri­ne ýe­ti­ri­lip, Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy fe­ýer­werk şü­we­le­ňi we tol­kun­la­ra ta­rap yl­ga­mak dä­bi bi­len jem­len­ýär.
Rim. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gyny ga­dy­my däp-des­sur­la­ra gö­rä bel­le­mek is­le­ýän­ler üçin Rim aja­ýyp şä­her­le­riň bi­ri­dir. Bu şä­he­riň ta­ry­hy meý­dan­ça­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän otu­ry­ly­şyk­lar we da­ba­ra­lar adam­la­ry ga­dy­my­ýe­te alyp gid­ýär. Mak­si­mus sir­kin­dä­ki kon­sert­ler we Ko­li­zeý am­fi­te­at­ryn­da­ky fe­ýer­werk şü­we­le­ňi Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň gy­zyk­ly da­ba­ra­la­ry ha­sap­lan­ýar.
Edin­burg. Şot­lan­di­ýa­nyň paý­tagt şä­he­ri 4 gün­lük «Hog­ma­nay» fes­ti­wa­ly bi­len Tä­ze ýyl şat­ly­gy­ny dün­ýä äş­gär ed­ýär. Jan­ly aý­dym-saz çy­kyş­la­ry, fa­kel­li (ujun­da ot ýan­ýan ta­ýak) ýö­riş­ler we fe­ýer­werk yşyk­la­ry baý­ram­çy­ly­gyň iň aja­ýyp pur­sat­la­ry ha­sap­lan­ýar.
Maui. Ga­wa­i­niň özü­ne çe­ki­ji ada­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Maui Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­ny ro­man­tik ýag­daý­da gar­şy al­mak is­le­ýän jü­büt­ler üçin tä­sin ýer­le­riň bi­ri­dir. Tro­pik gö­zel­lik­le­re baý ada­nyň ke­na­ryn­da çä­gä ýaz­gy ýa­zyp, ýa­ry­gi­je ýyl­pyl­da­ýan de­ňiz ke­nar­la­ryn­da ge­ze­lenç edip bolýar.
To­kio. Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­tyn­da hem mil­li däp-des­sur­lar esa­syn­da gar­şy alyn­ýar. Şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry Hat­su­mo­de yba­dat­ha­na­sy­na ba­ryp, jaň se­si bi­len baý­ram­çy­ly­gy gar­şy al­ýar­lar. To­kio­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy pa­ra­hat­çy­ly­gyň baş­lan­gy­jy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.