Bag­la­ryň goý­nun­da­ky agaç­lar we hoş­boý ys­ly gül­ler bi­len owa­dan gör­nü­şi ýa­ly, adam­lar hem sa­hy­ly­gy we hoş­ni­ýet­li­li­gi bi­len owa­dan gö­rün­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňa ýa-da kim­dir bi­ri­ne sow­gat be­re­niň­de hem özüň, hem-de sow­gat alan adam be­gen­ýär. Uly ýa-da ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, is­len­dik sow­gat adam­da hoş­ni­ýet­li duý­gu­la­ry eme­le ge­tir­ýär. Köp­lenç dog­lan gün­ler­de we baý­ram­çy­lyk­lar­da bi­rek-bi­re­ge sow­gat be­ril­ýär. Eý­sem, sow­gat ber­me­giň äh­mi­ýe­ti nä­me?
Pi­kir­le­ri baý­laş­dyr­ýar. Sow­gat ber­mek dö­re­di­ji­li­gi, es­te­ti­ki ma­ny­ny baý­laş­dyr­ýar we ös­dür­ýär. Ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek sow­gat­la­ry­ňy­zy ka­gy­za ýa­zyň. Şon­da ýa­kyn­la­ry­ňy­za be­rip bil­jek zat­la­ry­ňy­zyň pi­kir edi­şi­ňiz­den has köp­dü­gi­ni gö­rer­si­ňiz.
Be­gen­dir­ýär. Köp­ler sow­gat alan­la­ryn­da be­gen­ýär­ler. Ola­ryň be­gen­ji­ni gö­rüp, sow­gat be­ren adam hem be­gen­ýär we özü­ni bagt­ly duý­ýar. Bu edil zyn­jyr gör­nü­şin­de bo­lup, dur­mu­şa bo­lan ka­na­gat­lan­ma duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.
Sö­ýgi döredýär. Sow­gat ber­mek bi­rek-bi­re­giň ara­syn­da öza­ra söý­gi­ni we hor­ma­ty dö­red­ýär. Esa­san hem, sus­su­pes adam­la­ra sow­gat ber­len­de, olar öz­le­ri­niň sö­ýül­ýän­di­gi­ne we eý gö­rül­ýän­di­gi­ne dü­şün­ýär­ler.
Mad­dy däl. Sow­gat ber­mek bir zat sa­tyn al­mak diý­mek däl. Köp­ler sa­tyn alyn­ýan taý­ýar sow­ga­dy ýa­kyn­la­ry­na ber­me­gi ha­la­ma­ýar­lar. Şeý­le ýag­daý­da öý­de el­de bir zat­lar ýa­sap, süý­jü­lik­ler bi­şi­rip bi­ler­si­ňiz.
Dö­re­di­ji­li­gi ös­dür­ýär. Sow­gat ber­mek, esa­san hem, el zäh­me­ti bi­len ýa­san za­dy­ňy sow­gat ber­mek dö­re­di­ji­li­ge bo­lan uky­by­ňy ös­dür­ýär. My­sal üçin, ça­ga­jy­ga ho­zuň ga­by­gy­na ki­çi­jik ka­gyz ýel­ken ýel­me­nip ýa­sa­lan gä­mi­ni, ka­gyz­dan ýa­sa­lan ar­ça­ny sow­gat ber­mek.
Paý­laş­ma­gy öw­red­ýär. Sow­gat ber­mek ýa­kyn­la­ryň ýa-da kim­dir bi­ri bi­len be­gen­ji­ňi we şat­ly­gy­ňy paý­laş­ma­gy öw­red­ýär.
Duý­gu­la­ry be­ýan ed­ýär. Sow­gat ber­mek ada­myň duý­gu­la­ry­ny be­ýan et­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Sow­gat ber­mek ar­ka­ly ýa­kyn­la­ryň we kim­dir bi­ri­niň ala­da­sy­nyň edil­ýän­di­gi­ni, ýa­dyň­dan çy­kar­ma­ýan­dy­gy­ňy we hor­mat-sy­la­gy aň­la­dyp bol­ýar.
Es­te­tik duý­gy­ny ös­dür­ýär. Sow­ga­dyň da­şy­ny owa­dan ört­mek, be­zeg­le­ri ýel­me­mek, umu­man, sow­gat taý­ýar­la­ýan wag­ty­ňyz on­dan gö­zel­lik göz­le­ýär­si­ňiz. Bu bol­sa ada­myň es­te­tik duý­gu­sy­ny ösdürip, gö­zel­lik­le­ri saý­lap we görüp bilmegi öw­red­ýär.