Italiýanyň maliýe we moda şäheri hasaplanýan Milanda 1-nji ýanwardan başlap, üsti açyk köpçülik ýerleriniň ählisinde çilim çekmek gadagan edildi. Çäklendirmek köçelere hem degişli edildi. Bu düzgüni bozanlar 40-240 ýewro aralygynda jerime tölärler. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçylary bu düzgüniň maksadynyň diňe adamlaryň saglygyny goramak däl-de, daşky gurşawy hem goramak bilen baglydygyny belledi. Täze düzgüne görä, 10 metr golaýynda adam bar ýerinde çilim çekmek gadagan.
Geljek ýyl Gyşky Olimpiýa oýunlary Milan hem-de Kortina-d’Ampezzo şäherlerinde geçiriler. Şeýlelikde temmäki önümleri bilen baglanyşykly bu çäklendirmek halkara sport çäresiniň geçirilýän wagty hem dowam etdiriler.
Ýurtda 2005-nji ýyldan bäri ýapyk ýerlerde çilim çekmek gadagan. Ýurduň köp şäherinde çagalaryň ýa-da göwreli aýallaryň ýanynda çilm çekmegi gadagan edýän goşmaça çäklendirmeler hem bar.