Indoneziýada çagalara we göwreli aýallara tölegsiz nahar berilýän maksatnama durmuşa geçirilip başlandy. Ýurduň ýolbaşçylary çagalaryň arasynda az iýmitlenmegiň we göýdükligiň öňüni almak maksady bilen şeýle maksatnamany durmuşa geçirip başlandyklaryny belleýärler. “Tölegsiz iýmitlendiriji nahar” atly maksatnama üçin 2025-nji ýylyň býujetinden 4,3 milliard dollar sarp ediler. Ýurduň Milli iýmitlenmek agentliginiň ýolbaşçysy Dadan Hindaýana şu ýyl 19 milliondan gowrak çaga hem-de göwreli zenana tölegsiz naharyň berilmeginiň maksat edinilýändigini mälim etdi. Hindaýana maksatnamanyň çäklerinde tüwi, towuk eti, sygyr eti, balyk eti, gök önüm, miwe we süýt ýaly iýmitlerden taýýarlanan naharlaryň beriljekdigini mälim etdi. Hindaýana nahar paýlamak üçin her mekdebe bir işgärler toparynyň bellenendigini, ýokary synpa çenli her bir çaga günde bir wagtyna nahar berilýändigini aýtdy.