1-nji ýanwarda BRICS toparynyň başlyklygyny öz üstüne alan Braziliýa hökümeti Indoneziýanyň bu topara goşulandygyny habar berdi.
“Braziliýa hökümeti 6-njy ýanwarda, Indoneziýa Respublikasynyň BRICS-e doly agza hökmünde resmi taýdan girendigini habar berdi” diýlip, Braziliýanyň daşary işler ministrliginiň web sahypasyndaky habarda aýdylýar. Braziliýanyň BRICS-e başlyklygy 31-nji dekabra çenli dowam eder.
BRICS – ýurtlaryň döwletara bileleşigidir. 2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Kazanda geçirilen sammitde bileleşigiň işine goşulmak üçin 35 arza gelip gowuşdy. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bileleşige hyzmatdaş hökmünde Belarus, Boliwiýa, Indoneziýa, Gazagystan, Kuba, Malaýziýa, Tailand, Uganda we Özbegistan goşuldy.
BRICS 10 döwletden ybarat bileleşik bolup, oňa Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý, Günorta Afrika Respublikasy, BAE, Eýran, Müsür, Efiopiýa we Indoneziýa girýär. Bileleşik 2009-njy ýylyň 16-njy iýunynda Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň we Hytaýyň ykdysadyýet ministrleri tarapyndan Sankt-Peterburg ykdysady forumynyň çäklerinde esaslandyryldy.