Kanadanyň hökümet başlygy Jastin Trýudo wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi. Ol Ottawada žurnalistleriň sowallaryna jogap berýän mahaly partiýasynyň täze Premýer-ministri bellän badyna wezipesinden çekilmek niýetiniň bardygyny aýtdy.
Trýudonyň hökümeti bahalaryň artmagy we ýaşaýyş jaý ýetmezçiligi ýaly meseleler bilen göreşýärdi. 2024-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Premýer-ministriň orunbasary we Maliýe ministri Kristiýa Friland başga bir işe geçýändigi sebäpli işinden çekilýändigini habar berdi. Şol gün ýaşaýyş jaý gurluşygy, infrastruktura we jemgyýetçilik ministri Şon Freýzer hem hökümetden çekilýändigini mälim etdi. Şondan soň jemgyýetçilik işgärleri tarapyndan Jastin Trýudonyň Ministrler Kabinetine gözegçilik edip bilmeýändigi sebäpli tankyt edildi. Birnäçe liberal deputatlar bolsa, Trýudonyň Liberal partiýanyň başlygy wezipesinden çekilmegini makullady.

Soňky pikir soralyşyklar saýlawçylaryň Trýodo goldawynyň 22 göterime, Liberal partiýasyna goldawynyň 16 göterime çenli peselendigini görkezýär. 2013-nji ýyldan bäri Kanadanyň Liberal partiýasynyň başlygy bolan Trýudýo ilkinji gezek 2015-nji ýylda hökümet başlygy wezipesinde saýlandy. Ol bu wezipä ilkinji gezek saýlanan wagty dünýäniň iň ýaş hökümet ýolbaşçylarynyň biridi. 53 ýaşly syýasatçy 2019-njy we 2021-nji ýyldaky saýlawda hem ýeňiş gazanyp bu wezipä saýlandy.
27-nji ýanwarda açylmagyna garaşylýan ýurduň milli parlamenti bolsa 24-nji marta çenli arakesme edildi.