Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşiginiň üçünji sammiti şu ýylyň birinji ýarymynda Samarkandda (Özbegistan) geçiriler.
Özbegistanyň daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habaryna görä, daşary işler ministri Bagtyýar Saidow Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Taraplar Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky gatnaşyklaryň çalt depginde ösýändigini belläp, özara hyzmatdaşlygyň netijesinde köp netijeleri gazanandyklaryny we mundan beýläkki gatnaşyklar üçin mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Taraplar ozal yza süýşürilen 3-nji Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşiginiň sammitiniň şu ýylyň birinji ýarymynda taryhy Samarkand şäherinde geçiriljekdigini habar berdiler.
Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşiginiň 3-nji sammiti geçen ýazda Samarkantda geçirilmegi meýilleşdirilipdi, ýöne birnäçe sebäplere görä yza süýşürilipdi.
Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlaryny we Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli ýolbaşçylaryny gatnaşmagynda geçirilen ilkinji Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi sammiti 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystanyň paýtagty Astanada, ikinjisi 2023-nji ýylyň iýun aýynda Çolpan-Atada (Gyrgyzystan) geçirildi.