Her ýylyň 8-nji ýanwary Ýeriň aýlaw güni hökmünde bellenilýär. 1851-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda fransuz fizigi Leon Fuko Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanýandygyny subut edýär. Şeýle hem fransuz astronomy Ýeriň öz daşyndan aýlanýandygyny halk köpçüligine hem 8-nji ýanwar güni görkezýär. Ol bu astronomik hadysany gowy düşündirmek üçin ýörite mehanizm hem döredýär. Soňky ýyllarda Fukonyň bu mehanizminiň dürli nusgalary ýasalyp, dünýäniň köp ýerinde görkezilýär. Olar häzirki wagtda hem saklanýar.
Ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanmagy pasyllaryň mele gelmegine, günüň uzynlygyna we beýleki tebigy hadysalara öz täsirini ýetirýär.