8-18-nji mart aralygynda Ženewada geçen Halkara awtosergisinde dünýäniň iri awtoulag öndüriji kompaniýalarynyň ençemesi täze awtoulaglaryny köpçülige hödürledi. Şu saparky sergide, esasan, elektroulaglar agdyklyk etdi. Awtoulag dünýäsinde onçakly belli bolmadyk Horwatiýa has öňe saýlanyp, özüniň “Rimac Сoncept 2” atly elektroulagynyň täze görnüşini hödürledi. Ilkinji “Rimac” 2016-njy ýylda öndürilipdi. Häzirki nusgasy iki esse güýçli hem-de tizligini sagatda 400 kilometrden gowrak artdyrmaga ukyply.
Beýik Britaniýanyň “Morgan” topary EV3 triwillerini bu sergä getirdi. Şu günki günde awtoulag kompaniýalarynyň elektroulag öndürmäge girişmegini “Morgan” toparynyň hünärmeni Jonatan Uells şeýle düşündirýär: – Bu dünýä derejesindäki meýil bolup, munuň özi daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almakda baş aladadyr.
Bu sergä awtoulag senagatynda uly meşhurlyga eýe bolan iri kompaniýalar hem özleriniň täze elektroulaglary bilen geldiler. “Jaguar” topary özüniň bütinleý elektrik bilen hereket edýän, ýolsuz ýerden ýöreýän I-PACE elektroulagyny hödürledi. Sergide onuň baş bäsdeşi amerikan topary “Tesla”-nyň hödürlän elektrik krossoweri boldy. Öndürijiler häzirki wagtda elektroulag bazarynda dizaýn babatda ýokary bäsdeşligiň gidýändigini gizläp hem durmaýarlar.
“Renault”-yň hödürlän “EZ-Go” atly sürüjisiz elektroulagy hem ähli babatda awtoulag söýüjileri haýran galdyrýar. Sergä nazar aýlanyňda, indi dizel motorlarynyň möwritiniň ötüp barýandygyna göz ýetirýärsiň. Iri awtokärhanalar daşky gurşawyň hapalanmagy bilen bagly ýüze çykýan meselelerden ýadana çalym edýär. Eýýäm “Toyota” Ýewropada dizelli awtoulaglarynyň satuwyny bes edýändigini mälim etdi.
Sergide “508” modelini hödürlän “Peugeot”-yň wekilleri öz öndürýän awtoulaglarynyň elektrikli görnüşini hem öndürýändiklerini gürrüň berdiler. Jemläp aýdanyňda, Ženewada geçirilen awtosergi şu günki awtoulag öndürijileriniň geljegi nähili görýändigini bütin aýdyňlygy bilen aýan edýär. Olaryň maksady – ulagy daşky gurşawyň duşmany däl-de, eýsem, dosty etmekden ybarat bolup, olary has-da kämilleşdirmäge heniz wagtyň gerekdigi belli boldy. Ženewa awtosergisindäki geljegi nazarlaýan elektroulaglar, esasan hem, “ýaşyl” energiýa hakda arzuw edýänler üçin has-da gyzykly boldy.