“Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti mundan soň karýerasyny Braziliýanyň milli ýygyndysynda dowam eder. Bu barada resmi habar berildi. 65 ýaşyndaky italýan hünärmeniň şu aýyň ahyrynda, has takygy, 26-njy maýda Braziliýanyň milli ýygyndysy bilen şertnama baglaşjakdygy mälim edildi. Ançelottiniň ýyllyk 10 million ýewro hak aljakdygy, 2026-njy ýylda Dünýä Kubogyny gazanan ýagdaýynda-da goşmaça 5 million ýewro aljakdygy barada gürrüňler bar. Italiýaly tälimçi Braziliýanyň milli ýygyndysyna gysga wagtlyk bellenenleri hasaplasaň, tälim berjek 4-nji daşary ýurtly hünärmen bolar. Şertnamanyň jikme-jik maglumatlary öňümizdäki günlerde resmi ýagdaýda mälim ediler.

Karlo Ançelotti “Real Madridde” umumylykda 6 ýyl işläp, ol 15 kubok gazandy. Ussat hünärmen klubuň iň köp kubok gazanan tälimçisi boldy. Ançelotti karýerasy boýunça “Parma”, “Ýuwentus”, “Milan”, “Çelsi”, “Bawariýa”, PSŽ, “Real Madrid” (2 döwür), “Napoli”, “Ewerton” klublaryna tälimçilik etdi. Ol Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda çempionlyk gazanan ýeke-täk tälimçidir. Şol bir wagtyň özünde Çempionlar Ligasynyň kubogyny-da iň köp eýelän tälimçi bolup, ol “Milandyr” “Real Madridiň” hersi bilen 2 gezek ýeňiji boldy.

Ançelotti karýerasynda ilkinji gezek milli topara tälimçilik eder. Ol maý aýynyň ahyrynda Braziliýanyň ýygyndysynda işe girişer.