Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýa esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu gezekki sapary möhüm wakalara beslendi. Milli Liderimiz bu ýerde Aziýanyň ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiak bilen duşuşdy. Bu duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Gol çekilen resminama laýyklykda, energiýa tygşytlaýjy «akylly» tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikler açylýar. Şeýle hem bu resminama häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylan «akylly» we «ýaşyl» şäher konsepsiýasyna laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi we şäher gurluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy we energiýany tygşytlamaga, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we suwy gaýtadan ulanmaga, agzalan ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk 25 ýyllyk baý tejribesine eýedir. Häzirki wagtda Aziýanyň ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň makullan 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk Strategiýasyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu strategiýa üç ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine alýar. Olar howa şertlerine durnukly «ýaşyl» ykdysadyýete geçmäge ýardam bermekden; diwersifikasiýa arkaly bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirmekden, hususy telekeçiligi we adam maýasyny ösdürmekden; şeýle hem düzümleýin özgerişlere we institusional ösüşlere ýardam bermekden ybaratdyr. Mundan başga-da, Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömek berýär.
AÖB 1966-njy ýylda Aziýa–Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň sosial-ykdysady ýagdaýyny ösdürmäge kömek bermek maksady bilen döredilýär. Bankyň paýdarlarynyň 48-si sebitleýin paýdarlar, 19-sy sebitleýin däl paýdarlardyr (ösen döwletler). Ýerleşýän ýeri Filippinler döwletiniň Manila şäheridir. AÖB-niň işiniň esasy ugry Aziýa–Ýuwaş umman sebiti ýurtlaryna tehniki kömekleri bermekden, sosial-ykdysady ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge hemaýat etmekden ybaratdyr.
Bankyň taslamalary ýedi meseläni çözmäge gönükdirilendir. Olara ykdysady ösüşi üpjün etmek, adam resurslaryny ösdürmek, dolandyryşyň hilini ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak, zenanlaryň ykdysady ösüşe gatnaşyşyny ýokarlandyrmak, hususy sektory we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek degişlidir. Bu bankyň maliýe serişdeleriniň çeşmelerine Aziýa ösüş fondy, tehniki kömek boýunça ýöriteleşdirilen fond, Ýapon ösüş fondy degişlidir.
Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanda maýa goýum maksatnamalarynyň we taslamalarynyň maliýeleşdirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz 2000-nji ýylda bu abraýly halkara maliýe guramasynyň agzasy boldy. Şondan bäri bank bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Aziýada ykdysady ösüşi höweslendirmek bu bankyň baş wezipesi bolup durýar. Şondan bäri bu maliýe edarasy ýurdumyzyň, esasan hem, ulag pudagyna hem-de hususy pudagyna dürli derejede maliýe kömekleri maliýe serişdelerini gönükdirdi.
Türkmenistan bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasyndaky maýa goýum hyzmatdaşlygynyň netijeleri ony ösdürmek boýunça täze başlangyçlar we teklipler halkara işewürlik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, geljegi uly ýokary tehnologiýaly taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri möçberli maýa goýumlaryny çekmäge, tutuş Aziýanyň okgunly innowasiýa ösüşine çykmagy üçin sebitara gatnaşyklarynyň meýdançasyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berer.
Aýnabat IŞANGULYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.