Hem milli ýaryşlarda, hemem UEFA-nyň bäsleşiklerinde möwsümi şowsuz tamamlan Italiýanyň “Milan” kluby portugaliýaly tälimçisi Seržio Konseýsauny wezipesinden ugratdy. Klub tarapyndan berlen beýanatda “Gysga wagtda beren goldawlary üçin, ýylyň başynda gazanylan Super Kubok üçin minnetdarlyk bildirýäris we mundan soň durmuşyňyzda, täze işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýäris diýlip bellenilýär.

Möwsümi 8-nji orunda tamamlap, kubok ýaryşynyň finalynda-da “Bolonýadan” asgyn gelen “Milanyň” täze tälimçisi kluba ozalam tälim beren Massimiliano Allegri bolar. Golaýda Igli Tareni sport direktory wezipesine bellän klubuň Allegri bilen ähli babatda ylalaşyk gazanandygy resmi ýagdaýda mälim edildi. Toparyň saýty “Hoş geldiň, Allegri!” diýen setirler bilen bu habary öz janköýerlerine ýetirdi.

“Milan” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşan Allegri italýan metbugatyna görä ýylda 5 million ýewro hak alar. Ol 2010-2014-nji ýyllar aralygynda “Milana” tälim berip, “Serie A”-da ilkinji çempionlygyny 2010/11 möwsüminde gazanypdy. Soňlugy bilen, “Ýuwentusa” geçen Allegri turinlileriň düzüminde “Serie A”-da ýene-de 5 çempionlyk kubogyny asmana göterdi.