Lýublýana diýlende Merkezi Ýewropanyň özüne çekiji, kiçijik şäheri göz öňüňe gelýär. Aňyrsy-bärsi görnüp duran bu şäher dünýäniň meşhur şäherleri ýaly syýahatçylara birnäçe garaşylmadyk wakalary hödürleýär. Sloweniýanyň paýtagty Lýublýana Alp daglary bilen Adriatika deňziniň aralygynda ýerleşýär. Bu şäher Ýewropa Bileleşiginde tokaýyň tutýan meýdany boýunça üçünji orunda durýar. Lýublýananyň ýerüsti meýdanynyň 66 göterimini tokaýlar tutýar. Şäheriň tutýan meýdany 163,8 inedördül metr bolup, 285 müň ilaty bar.
Şäher Lýublýanisa derýasynyň sag we çep kenarlaryna uzalyp gidýär. Derýanyň boýunda hatara düzülen kafeler, restoranlar we owadan köprüler bar. Bu ýerden uly depäniň üstüne çykyp, Lýublýana galasyny synlap bolýar. Bellemeli zatlaryň biri, Lýublýana gelýän myhmanlaryň şäherde azaşmak aladasynyň bolmazlygydyr. Sebäbi bu ýerde ýollar derýa bilen ugurdaş gurlupdyr. Galyberse-de, şäheriň her burçunda nämäniň haýsy tarapdadygyny görkezýän ýazgylar bar.
Kiçijik şähere gelýän syýahatçylaryň sany ýyl-ýyldan köpelýär. Lýublýananyň täsin tebigaty we arassa howasy jahankeşdeleriň göwnüni göterip, şähere şadyýanlykda gezelenç etmäge mümkinçilik berýär. Gezelenç derýanyň kenarynda ýöremekden başlanýar. Isleg bildirýänler üçin derýada gaýykly gatnaw hem bar. Preseren meýdanyndaky gülgüne ybadathananyň ýanyna ýeteniňde şäheriň nyşanlarynyň biri bolan üç köprä gözüň düşýär. «Triple Bridge» (üç köpri) 1800-nji we 1930-njy ýylda meşhur binagär Ýože Pleçnik tarapyndan gurlan meşhur pyýada köprüsidir. Indiki barmaly ýer şäheriň döwrebap merkezi bolan Mestni meýdançasydyr. Meýdançada wenesiýaly binagär Françesko Robba tarapyndan esasy nyşanlaryň biri bolan Üç Karniola çüwdürimi gurlupdyr. Meýdançadan ýokarlygyna daşly köçelerden ýöräp, şäher galasyna barylýar. Galada taryhy binalar bilen bir hatarda, döwrebap jaýlary, restoranlary we dükanlary görmek bolýar. Lýublýanada gadymy binalaryň köpdügine garamazdan, ýaş şäherleriň biri hasaplanýar. Sebäbi bu şäherde 50 müň talyp bilim alýar.
Syýahatyň indiki duralgasy şäheriň nyşany bolan aždarha heýkelleri bilen bezelen Dragon köprüsidir. Lýublýanisanyň üstünde gurlan bu köpri duşmana haýbat atmagyň manysy hökmünde bina edilipdir. Şähere aýlanyp ýörkäň, simlerden asylan köne aýakgaplary görmek bolýar. Munuň uniwersiteti tamamlan talyplaryň däbidigine her kim geň galýar. Gijelerine şäheriň şatlyk-şowhuny has-da artýar. Köçelerde aýdym-saz çykyşlaryny, tanslary we sungat eserleriniň sergilerini synlamak bolýar. Şäherde hemmeler birek-biregi tanaýan ýaly dostlukly gatnaşykda özlerini alyp barýarlar. Şäher kiçi bolansoň, ýolda duş gelen adamlaryňy günüň dowamynda üç-dört gezek görmek bolýar. Wenesiýa, Zagreb we Wena ýaly şäherlerden birnäçe sagat uzaklykda ýerleşýän Lýublýana tebigy gözelliklere beslenen syýahat edilmeli şäherleriň biridir.