Dün­ýä bel­li ame­ri­kan işe­wü­ri Bill Geýts to­mus­da oka­mak üçin ki­tap­la­ryň sa­na­wy­ny hö­dür­le­di. Şu ýyl ol öz ter­ji­me­ha­ly­ny gür­rüň ber­ýän ýa­zy­jy­la­ryň ki­tap­la­ry­ny oka­ma­gy mas­la­hat ber­di. Ki­tap­la­ryň her bi­rin­de öňe­gi­diş­lik, adam­kär­çi­lik we kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip geç­mek te­ma­la­ry ile­ri tu­tul­ýar.

«Şah­sy kys­sa» (Per­so­nal His­to­ry), Ket­rin Grem.

Ket­rin Grem adam­sy ýo­ga­lan­dan soň, «The Was­hing­ton Post» ga­ze­ti­ne re­dak­tor­lyk ed­ýär­kä ga­bat ge­len kyn­çy­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Geýts bu ki­ta­by çy­dam­ly­ly­gyň, öň­de­ba­ry­jy­ly­gyň we eder­men­li­giň my­sa­ly ha­sap­la­ýar.

«Umy­dyň kow­gu­syn­da»

(Cha­sing Ho­pe), Ni­ko­las Kris­tof.

Ki­ta­byň aw­to­ry öz öm­rü­ni ga­ryp­ly­ga we ke­sel­le­re gar­şy gö­re­şe ba­gyş­la­ýar. Ki­tap­da dün­ýä­niň iň kyn ýer­le­rin­de iş­län žur­na­lis­tiň şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la gel­şi ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Geýts aw­to­ryň özü­ne «Ga­tes Fo­un­da­ti­on» gaz­na­sy­ny dö­ret­mä­ge se­bäp bo­lan­dy­gy­ny ýaz­ýar. Ol, aý­ra­ty­nam, aw­to­ryň umyt ýok ýa­ly gör­nen ýag­daý­lar­da-da, umyt­dan düş­män ta­gal­la­la­ry­ny do­wam et­di­ri­şi­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär.

«Oku­myş» (Educated), Ta­ra Wes­to­wer.

Aw­tor kö­ne pi­kir­li maş­ga­la­da ulal­ýar. Mu­ňa ga­ra­maz­dan, ol öz­baş­dak okap, kol­le­je oku­wa gir­ýär, soň­ra Kemb­rij­de dok­tor­lyk de­re­je­si­ni al­ýar. Geýts onuň baş­dan ge­çi­ren­le­ri­ni bi­li­miň hem güýç­li er­kiň kyn­çy­lyk­la­ry ýe­ňip ge­çip bil­jek­di­gi­niň my­sa­ly ha­sap­la­ýar.

«Reňk­siz» (Born a Cri­me), Tre­wor Noa.

Aw­tor özü­niň GAR-da­ky ça­ga­lyk ýyl­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­ýär. Ol apar­te­id ýyl­la­ryn­da dün­ýä in­ýär. Geýts bu ki­ta­ba hem şa­dy­ýan, hem gy­nanç­ly di­ýip ba­ha ber­ýär. Ol Noa­nyň ba­şyn­dan ge­çi­ren agyr gün­le­ri­ni gül­ki bi­len gür­rüň ber­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.

«Ýeň­liş» (Sur­ren­der), Bo­no.

Ter­ji­me­hal ese­rin­de Ir­lan­di­ýa­dan aý­dym-saz to­pa­ry­nyň wo­ka­lis­ti­niň ýet­gin­jek­lik­den tä bel­li sa­zan­da bol­ýan­ça baş­dan ge­çi­ren­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Geýts bu ki­tap­dan köp tä­ze zat­la­ry öw­re­nen­digi­ni ýaz­ýar. Ol ki­ta­byň işi­ňe bo­lan we­pa­ly­ly­gy açyp gör­kez­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Geýt­siň pi­ki­ri­çe, bu ki­tap di­ňe bir aý­dym-saz muş­dak­la­ry­ny däl, eý­sem, hem­me­le­ri ruh­lan­dyr­ýan eser­dir.

Bahar Annaýewa,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy.