Möwsümi kuboksyz tamamlan “Mançester Siti” topary başga bir iňlis kluby “Wulwerhempton” toparyndan alžirli çep gyraky goragçy Raýan Ait-Nurini düzümine goşdy. Şäherliler bu transfer üçin möjeklere umumylykda 40 million ýewro berer. 24 ýaşyndaky futbolçy “Mançester Siti” bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 2020-nji ýylyň oktýabrynda “Anže” (Fransiýa) toparyndan transfer bolan Ait-Nuri “Wulwerhempton” toparynda APL-de 157 oýunda meýdança çykyp, 12 gol geçirdi. Ol Riýad Mahrezden soň “Sitiniň” köýnekçesini geýjek 2-nji alžirli futbolçy bolar.
Foto: “Mançester Sitiniň” resmi internet saýtyndan alyndy.