Geçen aý dünýäniň iň uly adasy bolan Grenlandiýada buz gatlagynyň adatdakydan has çalt erändigi mälim edildi. Yssy howa Islandiýada hem hasaba alnypdyr. Dünýäniň howa ýagdaýy (World Weather Attribution) atly ylym torunyň maglumatyna görä, maý aýynda Grenlandiýadaky buzluklar 17 esse çalt eräpdir. Şeýle hem agzalýan döwürde Islandiýada howanyň temperaturasy 1991-2020-nji ýyllar aralygyndaky ortaça ýylylykdan 13 dereje ýokary bolupdyr. Bu iki adadaky yssy howanyň 100 ýyldan bir gezek gaýtalanyp biljekdigi bellenilýär.
Adatça, Grenlandiýa, Islandiýa we Antarktida ýaly sebitlerde buz örtügi ýylyň belli döwründe eräp kiçelýär we soňra sowuk howada gaýtadan doňýar.