Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň çempiony “Napoli” düzümini “Mançester Sitiden” gaýdan Kewin de Bruýne bilen güýçlendirdi. Italýan kluby 34 ýaşyna golaýlap barýan ýyldyz oýunçy bilen 2+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Belgiýaly oýunçy “Napoliden” ýyllyk 5 million ýewro alar.
Ýurdunyň “Genk” klubunda futbola başlan De Bruýne “Çelsi”, “Werder” hem-de “Wolfsburg” klublarynda oýnady. Ol 2015-nji ýylyň tomsunda “Mançester Siti” toparyna transfer bolup, bu ýerde dünýä ýyldyzyna öwrüldi. Şäherlileriň düzüminde 10 möwsüm çykyş eden De Bruýne 422 oýunda 108 gol geçirip, APL-de 119 asist etdi.
De Bruýne Belgiýanyň milli toparynda-da 111 oýunda 1 goly öz adyna ýazdyrdy.
Foto: “Napoliniň” internet saýtyndan alyndy.