Mask taryhda baýlygy 500 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy

72

Amerikaly işewüri Ilon Mask, baýlygy 500 milliard dollara ýeten taryhda ilkinji adam boldy. Bu barada “Forbes” žurnaly habar berýär.
“Eger-de ol bu depgini dowam etdirse, 2033-nji ýylyň martyna çenli Mask dünýäde ilkinji trillioner bolup biler” diýip, “Forbes” belleýär.
Mask häzirki wagtda “Tesla” we “SpaceX” kompaniýalaryna ýolbaşçylyk edýär, şeýle-de “X” sosial ulgamyna we “Neuralink” neýrotehnologiýa kompaniýasyna eýelik edýär.