Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da adaty möwsümiň duşuşyklary ýokary depginde dowam edýär. Gündogar Konferensiýada 6-njy orunda barýan “Maýami Hit” topary öz meýdançasynda “Waşington Wizards” toparyny 150:129 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýeňiş gazanan toparyň düzüminde ýyldyz basketbolçy Bam Adebaýo taryhy statistika eýe boldy. Ol 83 utuk geçirip, NBA-nyň taryhynda bir oýunda iň köp utuk gazanan 2-nji basketbolçy bolmagy başardy. 28 ýaşyndaky Adebaýo 20 ýyl ozal 81 utuk geçiren merhum ýyldyz oýunçy Kobe Braýantdan öňe saýlandy.
NBA-da bir duşuşykda iň köp utuk toplan basketbolçy Wilt Çemberleýn bolup, ol 1961-nji ýylyň 2-nji martynda şol wagtky ady “Filadelfiýa Warriorsyň” (häzirki “Golden Steýt Warriors”) öz meýdançasynda “Nýu Ýork Niksi” 169:147 hasap bilen ýeňen duşuşygynda 100 utuk geçiripdi.
Çemberleýne iň golaýlan basketbolçy Adebaýodan öň 2020-nji ýylda dikuçar heläkçiliginde aradan çykan Kobe Braýant bolupdy. Ol 2006-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda topary “Los Anjeles Leýkersiň” öz meýdançasynda “Toronto Reptorsy” 122:104 hasabynda ýeňen duşuşygynda 81 utuk toplapdy.
PDF









