Dünýäniň her ýyl geçirilýän iň uly 7 uly marafon ýaryşynyň 3-njisi bolan London marafony taryhy statiskalara baý boldy.
Erkekleriň arasyndaky ýaryşda geçen ýylyň çempiony keniýaly Sebastian Sawe taryhy rekord goýdy. 31 ýaşyndaky türgen 46-njy gezek geçirilen London marafonynda ýaryşy 2 sagatdan öň tamamlamagy başardy. Ol 42,195 kilometr aralygy 1 sagat 59 minut 30 sekunt tamamlap, taryhda marafon ylgawynda 2 sagatdan öň pellehana gelen ilkinji türgen hökmünde hasaba alyndy. Mundan öňki rekord 2 sagat 35 sekuntlyk görkeziji bilen başga bir keniýaly türgen Kewin Kiptuma degişlidi. Sawe uly marafon ýaryşlarynda 3-nji çempionlygyny gazanyp, ol geçen ýyl hem Londonda, hemem Berlinde ýeňiji bolupdy.
London marafonynda 2-nji orny eýelän efiopiýaly Ýomif Kejelça ýeňijiden 11 sekunt soň pellehana gelip, 1 sagat 59 minut 41 sekuntda ýaryşy tamamlady. Başgaça aýdylanda, 1 marafon ylgaw ýaryşynda birbada 2 türgen 2 sagatdan öň pellehana gelmegiň hötdesinden geldi. 3-nji orny eýelän ugandaly Jeýkob Kiplimo 2 sagat 28 sekund ýaryşy tamamlap, onuň görkezen netijesi-de öňki rekorddan hem ýokary boldy. Umuman aýdylanda, ýaryşy ilkinji 3-lükde tamamlan türgenleriň 3-si hem öňki dünýä rekordyny täzelemegi başardy.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda efiopiýaly Tigst Assefa ýeňiş gazanyp, ol diňe zenanlaryň aýratynlyk gatnaşan ýaryşynyň çäginde şu wagta çenli iň ýokary netijäni görkezdi. 29 ýaşyndaky türgen ýaryşy 2 sagat 15 minut 41 sekunt tamamlamagy başardy. Bu onuň Londondaky bassyr 2-nji, uly marafonlardaky 4-nji çempionlygydyr. Ol 2022-nji we 2023-nji ýyllarda Berlinde-de ýeňiji bolupdy.
46-njy London marafonynda zenanlaryň arasynda keniýaly meşhur türgen Hellen Obiri 2-nji orny, bu ýerde 2021-nji ýylda ýeňiş gazanan Joýsilin Jepkosgei 3-nji orny eýeledi.
PDF









