Angliýanyň FA Kubogynda finala çykan toparlar belli boldy. Londondaky “Wembley” stadionynda oýnalan ýarym final oýunlarynda “Mançester Siti” topary “Southemptony” 2-1, “Çelsi” bolsa “Lids Ýunaýtedi” 1-0 hasaplar bilen ýeňdi.

“Mançester Siti” bilen “Southempton” toparlarynyň arasyndaky oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylman gollaryň 3-si hem oýnuň ahyrlarynda derwezä girizildi. “Southempton” topary 79-njy minutda Finn Azazyň goly bilen öňe geçse-de, 82-nji minutda Jeremi Doku hem-de 87-nji minutda Niko Gonzalesiň gollary esasynda ýeňiş gazanan tarap “Mançester Siti” boldy.

Beýleki ýarym finalda bolsa tälimçisini ugradan “Çelsi” kluby “Lids Ýunaýtedi” Enzo Fernandesiň 23-nji minutda salan goly esasynda 1-0 hasabynda utdy.

Şunlukda, “Mançester Siti” 15-nji, “Çelsi” 17-nji gezek finala çykdy. “Mançester Siti” mundan öň 7 gezek ýeňiş gazanyp, şonça sapar hem ýeňlişe sezewar boldy. “Çelsi” topary-da mundan öňki 16 finalyň 8-sinde kubogy eýeläp, 8-sinde hem asgyn geldi. Iki topar FA Kubogynyň finalynda ilkinji gezek duşuşarlar. Bu taryhy final duşuşygy 16-njy maýda Wembley” stadionynda geçiriler.