Ka­bel ýok, ýö­ne te­le­fon zar­ýad al­ýar. Eý­sem, bu müm­kin­mi? Hä­zir­ki wagt­da äh­li tä­ze smart­fon­lar­da di­ýen ýa­ly sim­siz zar­ýad be­riş müm­kin­çi­li­gi bar. Te­le­fo­ny tag­ta­jy­gyň üs­tü­ne goý­ýar­syň we ol zar­ýad al­ma­ga baş­la­ýar. Zar­ýad al­ma­gyň bu usu­lyn­da ka­bel hem, fi­zi­ki bag­la­ny­şyk hem ýok. Eý­sem, bu ener­gi­ýa te­le­fo­na nä­dip ýet­ýär? Sim­siz zar­ýad be­riş teh­no­lo­gi­ýa­sy nä­hi­li iş­le­ýär?
Sim­siz zar­ýad be­riş teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ar­ka­syn­da birnäçe ýyl­ ozal açy­lan, ýö­ne köp ada­ma he­ni­zem bel­li bol­ma­dyk elekt­ro­mag­nit in­duk­si­ýa ha­dy­sa­sy ýa­tyr. Bu ul­ga­myň kö­me­gi bi­len ener­gi­ýa gö­ze gö­rün­me­ýän mag­nit meý­da­ny ar­ka­ly te­le­fo­na geç­ýär. Ýag­ny, zar­ýad be­ri­ji blok ta­ra­pyn­dan ön­dü­ri­len ener­gi­ýa te­le­fo­nyň için­dä­ki ka­bul edi­jä ýet­ýär we en­ja­myň ba­ta­re­ýa­sy zar­ýad­lan­ma­ga baş­la­ýar. Il­ki­baş­da çyl­şy­rym­ly ýa­ly gö­rün­se-de, as­lyn­da bu örän ýö­ne­keý lo­gi­ka bi­len iş­le­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ulan­ýan en­jam­la­ry­my­zyň kö­pü­si Qi stan­dar­ty­na esas­lan­ýar. Bu dür­li mar­ka­ly te­le­fon­la­ryň we zar­ýad be­ri­ji­le­riň ara­syn­da­ky ut­ga­şyk­ly­ly­gy üp­jün ed­ýär. Sim­siz zar­ýad ber­me­giň teh­no­lo­gi­ýa­sy as­lyn­da tä­ze açyş däl. Bu usul XIX asyr­da Maýkl Fa­ra­deý ta­ra­pyn­dan açy­lan elekt­ro­mag­nit in­duk­si­ýa ha­dy­sa­sy­na esas­lan­ýar.
Nä­hi­li iş­le­ýär?
Te­le­fo­nyň zar­ýad be­ri­ji bö­le­gin­de we ar­ka ga­pa­gyn­da mis spi­ral­lar bol­ýar. Zar­ýad be­ri­ji bö­lek elekt­rik to­gu­na bi­rik­di­ri­len­de, elekt­rik to­gy spi­ra­lyň için­den geç­ýär we ki­çi mag­nit meý­da­ny­ny dö­red­ýär. Mag­nit meý­da­ny te­le­fo­nyň için­dä­ki spi­ra­la tä­sir edip, ol ýer­de ýe­ne-de elekt­rik to­gu­ny dö­red­ýär. Bu tok te­le­fo­nyň zyn­jyr­la­ry ta­ra­pyn­dan ba­ta­re­ýa­nyň sak­lap bil­jek ener­gi­ýa­sy­na öw­rül­ýär. Sim­siz zar­ýad be­riş teh­no­lo­gi­ýa­sy hem hut şu usul bo­ýun­ça iş­le­ýär. Ula­ny­jy te­le­fo­ny­ny ga­bat gel­ýän sim­siz zar­ýad be­ri­ji­niň ýü­zü­ne goý­mak bi­len zar­ýad be­riş işi baş­la­ýar.
Haý­sy en­jam­lar sim­siz zar­ýad al­ýar?
Soň­ky ýyl­lar­da bu teh­no­lo­gi­ýa köp en­jam­lar­da peý­da bol­dy. «App­le», «Sam­sung», «Xiao­mi» we «Hua­wei» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň köp san­ly smart­fon­la­ryn­da sim­siz zar­ýad be­riş ul­ga­my bar. Kä­bir ýo­ka­ry de­re­je­li plan­şet­ler­de hem sim­siz zar­ýad al­mak müm­kin­çi­li­gi bar. «Akyl­ly» sa­gat­lar­dyr fit­nes go­şar­lyk­la­ry­nyň, şeý­le-de gu­lak­lyk­la­ryň kö­pü­sin­de sim­siz zar­ýad be­riş teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­nyl­ýar.
Ar­tyk­maç­ly­gy nä­me?
Sim­siz zar­ýad be­riş teh­no­lo­gi­ýa­sy uzyn ka­be­li ara­dan aýyr­ýar. Zar­ýad be­ri­ji­niň si­mi ep­le­nip, tow­la­nyp çalt za­ýa­lan­ýar. Ýa­nyň­da gö­ter­mek­de we ulan­mak­da amat­ly bol­ma­dyk zar­ýad be­ri­ji­ler aşa gy­zyp, ýa­nyp hem bil­ýär. Şeý­le-de te­le­fo­nyň zar­ýad alyş no­ka­dy­ny ýa­kyp bil­ýär. Sim­siz zar­ýad be­ri­ji­ler ulan­mak­da amat­ly bo­lup, te­le­fo­na çalt we ne­ti­je­li zar­ýad ber­ýär. Bu ul­gam smart­fo­nyň gün­bo­ýy do­ly zar­ýad­ly bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.