Soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleri durnukly ösüşi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde tagallalaryny birleşdirýärler. Astana şäherinde geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammiti we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň
Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi bu ugruň nobatdaky möhüm tapgyryna öwrüldi.
Mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler diňe bir suw meseleleri bilen çäklenmän, eýsem, tutuş sebitiň geljekki ykdysady we durmuş durnuklylygyny öz içine aldy.
Ýurdumyz üçin ekologiýa abadançylygy milli rowaçlygyň we durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz daşky gurşawy goramaga we tebigatdan rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa meselelerini çözmäge saldamly goşant goşýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary munuň aýdyň mysalydyr. Bu asylly çäreler esasynda dag eteklerimiz we şäherlerimiz gülzarlyga öwrülip, amatly howa gurşawy döredilýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşmak bilen, sebitde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine, topragyň ýaramazlaşmagyna garşy durmaga gönükdirilen taslamalary hem öňe sürýär.
Hormatly Prezidentimiz bu sammitlerde serhetüsti suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmak meselesine aýratyn ünsi çekdi. Ýurdumyz serhetüsti derýalar we suw akymlary boýunça suw meseleleriniň şu üç esasy ýörelgäniň, hususan-da, suw meseleleri boýunça esasy konwensiýalaryň, beýleki halkara namalaryň berk berjaý edilmegi, serhetüsti derýalaryň ugrunda ýerleşýän ähli döwletleriň bähbitleriniň deň derejede göz öňünde tutulmagy, bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň giňden gatnaşmagy ýörelgeleriniň esasynda çözülmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.
Sammite gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Aral deňziniň sebitindäki ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň netijelerine ýokary baha berdiler. Häzirki wagtda diňe adaty usullar bilen däl, eýsem, ylmyň soňky gazananlaryny ulanmak arkaly netije gazanmak bolýar. Mejlisde Merkezi Aziýa üçin bitewi maglumatlar bazasyny döretmek meselesine seredildi. Bu bolsa suw serişdeleriniň we howanyň üýtgemeginiň gözegçiligini onlaýn tertipde alyp barmaga mümkinçilik berer. Türkmenistan döwletimiz AHHG-nyň işjeň agzasy hökmünde yzygiderli teklipler bilen çykyş edýär. Ýurdumyz sebitde «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, suw diplomatiýasyny ösdürmek we Aralýaka sebit üçin ýörite BMG Maksatnamasyny taýýarlamak ugrunda anyk ädimleri ädýär.
Sebitleýin sammit we Baştutanlaryň Geňeşiniň mejlisi Merkezi Aziýa döwletleriniň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek subut etdi. Aralyň ekoulgamyny dikeltmek ýoly uzak we çylşyrymly bolsa-da, bilelikdäki tagallalar bu meseläniň oňyn çözüljekdigine ynam döredýär.
Azat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
PDF







